DÜNÝÄ

Türkiýe hem Aýa barýar

Kosmos pudagyny ösdürmegiň çäklerinde 2023-nji ýyla çenli Türkiýe Respublikasy Aýa kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär diýip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belledi. Prezident Ärdogan ýurduň milli kosmos maksatnamasyny hödürledi.

“Milli kosmos maksatnamasy boýunça esasy we iň möhüm maksadymyz, Respublikamyzyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek Aýa barmak isleýäris” diýip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan sözlerini türk metbugatynda giňden beýan edildi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde geljekde kosmodrom gurmagy hem meýilleşdirýändiklerini belledi. Milli kosmos maksatnamasynyň çäklerinde kosmosa türk raýatyny ibermek hem göz öňünde tutulýar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Kaliforniýanyň Dawis şäherinde Türkmenistan tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Putin 26-27-nji maýda Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Türk aşhana hepdeligi badalga aldy: Aşgabatda çäreler guraldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy