BILIM

Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti dörediler

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetiniň döredilmegine degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu ugurda degişli şertnama Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň golaýda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Özwar bilen Azerbaýjanyň bilim ministri Emin Amrullaýewiň arasynda gol çekilen şertnama laýyklykda, bilelikdäki uniwersiteti açmak babatda degişli işler ýola goýuldy.

Iki ýurduň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarjak Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetinde saglygy goraýyş, inženerçilik hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary ugurlarynda bilim berler. Bu ugurlarda Türkiýäniň tejribesi ornaşdyrylar.

Şu ýylyň dowamynda işe başlajak bilelikdäki uniwersitetde her iki ýurduň ylmy-barlag mümkinçiliklerini bir ýere jemelemek meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşligi tarapyndan abraýly türk uniwersitetleriniň hünärment, bakalawr hem-de magistr maksatnamalary Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetinde durmuşa ornaşdyrylar.

Ýene-de okaň

“Prep4success” maksatnamasy: güýzki okuwlaryna resminamalary kabul edýär

1-nji awgustda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy başlaýar

Kanadada daşary ýurtly talyplar üçin habar bar

Dalaşgär-2024: ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy

Ata Watan Eserleri

 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilýär

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 737 medal gazandy