BIZNES

Türkiýe 2025-nji ýylda Stambulda gaz söwda merkezini döreder

2025-nji ýylda Türkiýäniň “Botaş” kompaniýasy bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň gatnaşmagynda halkara gaz merkezi taslamasynyň çäginde gaz söwda merkezi dörediler. Bu barada Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar habar berdi.

– 2025-nji ýylda Türkiýäniň “Botaş” kompaniýasy bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň gatnaşmagynda kuwwatly infrastruktura dörediler. Stambulyň maliýe merkezinde söwda platformasy emele getiriler. Bu barada özara düşünişmek hakynda ähtnama taýýarlandy – diýip, türk ministri belledi.

Ministr Baýraktaryň bellemegine görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tebigy gaz söwda merkezini döretmek babatda “Gazprom” kompaniýasyna degişli tabşyryklary berjekdigini beýan etdi. Stambul gaz indeksi hereket eder. Gazyň bahasy Stambulda emele geler.

– Russiýa mundan beýläk, tebigy gaz satan wagty ony Stambul gaz indeksine görä satjakdygyny aýdar – diýip,  Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy

Ýaş telekeçiler üçin niýetlenen maksatnama

Tramp emeli intellekt we kripto pul birligi boýunça ýolbaşçy bellär