TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Türkiýänyň syýahatçylyk görkezijileri

Syýahatçylyk we medeniýet ministrliginiň hasabatynda, Türkiýe döwletine ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli jemi 9 million 458 müň 589 sany daşary ýurtly syýahatçy gelipdir, diýip beýan edilýär. Daşary ýurtda ýaşaýan raýatlaryň sany 2 million 451 müň 749 adam barabar boldy. Türkiýe döwletinde pandemiýanyň ýüze çykmagy sebäpli geçen ýylyň ilkinji dokuz aýy bilen deňeşdirilende daşary ýurt myhmanlaryň sany 74.03% göterim azaldy. Dokuz aýyň dowamynda gelýän myhmanlaryň sany 11 million 910 müň 338 adama ýetdi. Iň köp syýahatçy bolan ýurtlaryň sanawynda 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Russiýa Federasiýasy 1 million 421 müň 428 adam bilen birinji, Germaniýa döwleti 912 müň 749 adam bilen ikinji, Ukraina döwleti bolsa 772 müň 851 adam bilen üçünji orny eýeledi. Ukraina döwletinden soňra Bolgariýa we Angliýa döwletleri ýerleşdiler.

Türkiýe döwletine 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sany geçen ýylyň degişli aýyndan 59,40% göterim az boldy we 2 million 203 müň 482 sany daşary ýurtly myhman geldi. Sentýabr aýynda iň köp syýahatçy gelen ýurtlaryň sanawynda Russiýa Federasiýasy ýene-de 648 müň 742 adam bilen birinji orunda, Angliýa döwleti 262 müň 352 adam bilen ikinji orunda, Ukraina döwleti 252 müň 18 adam bilen üçünji orunlary eýelediler. Ukraina döwletinden soňra Bolgariýa döwleti we Germaniýa döwletleri ýerleşdiler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle