TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkiýäniň uniwersitetleriniň okuw ýagdaýy barada

Koronawirus ýokanjy sebäpli çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde onlaýn okuw tertibinden adaty tertibe geçmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Ýurduň Bilim geňeşiniň ýygnagyndan soňra Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja telekeçileriň işine we talyplaryň gysga wagtda öz mekdeplerine gaýdyp barmagyny isleýändiklerini mälim edip, ýokary bilim meselesiniň ara alyp maslahatlaşylandygyny we bu meselede Ýokary bilim geňeşine maglumat berlendigini mälim etdi.

Ministr Koja koronawirus ýokanjy barada geçirilen Bilim geňeşiniň ýygnagyndan soňra ýazmaça beýanat bilen çykyş etdi.

Öňüni alyş çäreleri babatda mundan beýläk wakalaryň möçberi boýunça kararlaryň kabul ediljekdigini, koronawirus ýokanjyna garşy iki uly öňüni alyş çäresiniň biriniň sanjym, beýlekisiniň bolsa dogry maglumatdygyny belledi.

Ministr öňüni alyş çäreleri we çäklendirmelere garamazdan, her gün gynansak-da, 100-e golaý adamyň bu ýokanç zerarly aradan çykýandygyny belläp, adaty durmuşa dolanmak üçin bu kesele ýogulýanlaryň sanynyň azalmagynyň gerekdigini aýtdy.

Sanjym etmek işinde 1-nji tapgyryň tamamlanyp barýandygyny bellän ministr 5 milliondan gowrak doza möçberinde sanjymyň edilendigini belledi. Nobatma-nobat sanjymyň alnyp barylýandygy aýdan Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja uniwersitetleriň okuw ýagdaýyny hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Bu babatda amaly bilimi mümkin boldugyça ýüzbe-ýüz etmek we teoretiki okuwy onlaýn ýagdaýda dowam etdirmek baradaky karara gelnendigini we bu kararyň Ýokary bilim edarasyna maglumat berlendigi mälim edildi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle