TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkiýäniň tälimçisi Şenol Güneş wezipesinden boşadyldy

Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Şenol Güneş wezipesinden boşadyldy. Bu barada Türkiýäniň Futbol federasiýasy habar berýär. 022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkiýäniň Niderlandlardan 6:1 hasabynda ýeňilmegi Şenol Güneşiň bu wezipeden gitmegine esasy sebäp boldy.

Federasiýanyň berýän habaryna görä, taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany ýatyrdylar.

“Milli ýygyndymyzyň tälimçisi Şenol Güneş bilen geçirilen gepleşiklerden soň, şertnamany ýatyrmak kararyna gelindi. Şenol Güneşe tälimçi döwründe bitiren hyzmatlary we türk futbolyna goşan goşandy üçin sag bolsun aýdýarys we geljekde durmuşynda üstünliklerarzuw edýäris” – diýlip, federasiýanyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Türkiýäniň milli ýygyndysynyň Ýewropa çempionatynda we 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky şowsuz oýunlary sebäpli Şenol Güneş wezipesinden çetleşdirildi.

69 ýaşyndaky tälimçi bilen Türkiýäniň milli ýygyndysy 82 duşuşyk geçirdi. Olaryň 38-sinde ýeňiş gazanyp, 23 duşuşykda deňme-deň, 21 duşuşykda bolsa ýeňlişe sezewar boldy.

Şenol Güneş 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda tälimçi wezipesine bellenipdi. Türkiýäniň iň gowy tälimçileriniň biuri hasaplanýan Şenol Güneş 1988-nji ýyldan bäri tälimçilik edýär.

Ol 2000-2004-nji ýyllarda Türkiýäniň milli ýygyndysynyň tälimçisi hem bolup, 2002-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Türkiýäniň 3-nji orny eýelemegine uly goşant goşan sport hünärmenidir.

 

“Taliban”: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ygrarly

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle