DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti 12 ýyldan soňra Müsüre sapar bilen bardy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Müsürp Arap Respublikasynda resmi saparda boldy. Bu sapar türk lideriniň 12 ýyldan soňra Müsüre amala aşyran resmi sapary boldy. Mundan ozal, Ärdogan soňky gezek 2012-nji ýylda bu ýurtda saparda bolupdyr.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň täzeden has-da pugtalanmagyna itergi beren saparyň çäklerinde ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlislerini täzeden ýola goýmak babatda bilelikdäki beýannama gol çekildi.

Türkiýäniň Prezidenti Ärdogany Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah as-Sisi howa menzilinde garşylady. Soňra saparyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçirildi.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi