SPORT

Türkiýäniň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Türkiýe Respublikasynyň Futbol Federasiýasy ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze tälimçi belledi. Bu wezipä italiýaly hünärmen Winsenzo Montella bellendi. Italiýaly tälimçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Şeýlelikde, Montella ilkinji gezek bir ýurduň milli ýygyndysyna tälim berer.

Montella futbol karýerasy döwründe Italiýanyň “Roma”, “Katania”, “Fiorentina”, “Sampdoria” we “Milan” toparlaryna, Ispaniýanyň “Sewilýa” toparyna hem-de Türkiýäniň “Adana Demirspor” toparyna tälim berdi.

Umuman, Montella türk futbolyny ýakyndan tanaýar. Onuň bu ýurtda bir futbol klubyna tälim bermegi oňa täze wezipesinde üstünlik gazanmagyna goşant goşup biler.

49 ýaşyndaky tälimçi Montella ozal Italiýanyň futbol toparlarynyň birnäçesinde futbol oýnan tejribeli futbolçylaryň biridir.

Italiýaly tälimçi tälimçilik eden döwründe ýeke gezek kubok gazandy. Ol hem “Milan” toparyna tälim beren döwründe gazanyldy. “Milan” topary 2016-2017-nji ýylyň  futbol möwsüminde Italiýanyň Naýbaşy kubogynyň almak ugrundaky duşuşykda “Ýuwentus” toparyndna üstün çykypdy.

Mundan ozal, Türkiýäniň milli ýygyndysyna germaniýaly tälimçi Stefan Kuntz tälim berýärdi.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1

Messi XXI asyryň iň güýçli futbolçysy

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy

Türkmenistan 3-nji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň Saud Arabystanyda muzeýi açyldy