Russiýa Federasiýasynda ilkinji gezek Türkiýe Respublikasynyň futbol çempionatynyň duşuşyklary gönüi ýaýlymda alnyp berler. Bu barada rus metbugaty habar berýär.
Türkiýäniň “Süperliga” futbol çempionatynyň duşuşyklarynyň ýaýlymda alyp bermek hukugyna Russiýanyň “Futbol” topary eýe boldy. Şeýlelikde, ilkinji gezke rus futbol muşdaklary Türkiýäniň çempionatynyň hem duşuşyklaryna tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolar.
2022-2023-nji we 2023-2024-nji ýylyň möwsüminde Türkiýäniň futbol çempionatynyň her tapgyryndan 4 duşuşyk rus teleýaýlymynda görkeziler.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň milli çempionaty 5-nji awgustda başlaýar. Çempionatyň 1-nji tapgyryndaky “Istanbulspor” – “Trabzonspor”, “Antalýaspor” – “Galatasaraý” we “Fenerbahçe” – “Umraniýespor” duşuşyklary rus teleýaýlymynda görkeziler.
Soňky ýyllarda rus futbolçylary Türkiýäniň çempionatynda çykyş edip başlady. Häzirki wagtda Fedor Kudrýaşow “Antalýaspor” toparynda, şu tomus möwsüminde transfer bolan Magomed Ozdoýew “Fatih Karagümrük” toparynda çykyş edýär.