JEMGYÝET

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk Aşgabatda ýatlandy

Türkiýe Respublikasyny esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykmagynyň 86 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Her ýylyň 10-njy noýabrynda türk halky özüniň ilkinji Prezidenti we esaslandyryjysy Atatürküň aradan çykan gününi belläp geçýär.

Atatürküň aradan çykan güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem çäre guraldy. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň golaýynda, has takygy garşyda ýerleşýän Atatürk seýilgähinde Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärliginiň ýanynda geçirilen dabara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Bu ýatlama dabarasyna Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Döwletnazar Muhammedow, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gozalow, şeýle hem ilçihananyň işgärleri, türk kompaniýalarynyň wekilleri, Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdy.

Aşgabat wagty bilen 09:05-de başlan dabarada 1 minutlyk dymyşlyk yglan edildi. Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň milli senalary ýaňlandy.

Soňra Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Döwletnazar Muhammedow Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Olaryň yzysüre dabara gatnaşyjylar ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Dabarada edilen çykyşlarda Türkiýäni esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň ýolbaşylygynda gazanylan üstünlikleriň ähmiýete bellenildi. Atatürküň esaslandyran Türkiýe Respublikasynyň häzirki döwürde ynsanperwer ugurly syýasaty hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty bilen dünýä kartasynda öz mynasyp ornuny alandygy aýdyldy.

Mustafa Kemal Atatürk 1881-nji ýylda dünýä indi. Doglan aýy we güni barada takyk maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, resmi çeşmelerde Atatürkiň 19-njy maýy doglan güni hökmünde kabul edendigi aýdylýar.

1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda respublikanyň yglan edilmeginden soň prezident saýlandy. 1938-nji ýylda aradan çykýança dört möhlet işledi we Türkiýäniň iň uzak wagtlap prezident wezipesinde işlän ýolbaşçysy boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň täze sebit merkezi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Ata Watan Eserleri