Türkiýe Respublikasynda öndüirlen “Togg” kysymly elektrikli ulagyň ilkinjileri Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewden soňra Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe gowşuryldy.
Özbegistanyň Prezidenti Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Türk wekiliýeti Prezident Rejep Taýyp Ärdogan tabşyrygy bilen Özbegistana baryp, “Togg” brendli elektrikli awtoulagyny Prezident Şawkat Mirziýoýewe tabşyrdy.
Öňdebaryjy türk kompaniýalaryny, şol sanda awtoulag pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge çekmek arkaly senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykdan soňra Prezident Şawkat Mirziýoýew özüne sowgat berlen awtoulagy özi dolandyryp, ony synag etdi. Özbegistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentini we türk halkyny maşyngurluşyk pudagynda gazanan üstünligi bilen gutlady.