TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi

2021-nji ýylda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli edaralary tarapyndan bu ähmiýet berilýän bu serginiň 2021-nji ýylyň 6-8-nji aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada “Meridýen” kompaniýasy habar berýär.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 1000 inedördül meýdanda 60 kompaniýanyň gatnaşmagyndan geçirilen sergä 2300-den gowrak adam görmäge bardy. Bu sergi, türk kompaniýalarynyň Türkmenistan bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy hem-de bar bolan söwda gatnaşyklaryny artdyrmagy babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Esasan hem soňky ýyllarda Türkmenistan dürli pudaklarda iri maýa goýum goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň geljegi uly bazary Türkiýäniň işewürler düzümi üçin özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligine eýe bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ýylsaýyn ýokarlanýar we  türk kompaniýalaryna we önümlerine uly gyzyklanma döreýär.

Soňky gezek Türkiýe Respublikasynyň söwda ministriniň hem-de Türkiýäniň Palatalar we Biržalar Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçirilen bu sergi diýseň netijeli geçirildi.

Ozal bolşy ýaly, nobatdaky sergide hem gurluşyk tehnologiýalary, gurluşyk tehnikasy, ýyladyş-sowadyş, izolýasiýa, keramika, elektrik we yşyklandyryş, üçek we diwar ulgamlary, kosmetika-himiýa, azyk we iýmit gaýtadan işlemek tehnika, oba hojalygy, öý dokma önümleri, mebel, myhmanhana enjamlary ýaly beýleki önümler görkeziler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Teswirle