TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiyä 2021-nji ýylda 29 million syýahatçy geldi

Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2022-nji ýylda Türkiýäniñ “Bursa şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilmegi mynasybetli, 2021-nji ýylyñ 29-njy dekabrynda Bursanyñ Merinos Atatürk adyndaky Kongres we medeniyet merkezinde tanyşdyryş dabarasy geçirildi.Maslahatda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyñ medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý: “Türkiýe pandemiýa garamazdan, 2021-nji ýylda daşary ýurtly 29 million syýahatçy kabul etdi we syýahatçylyk pudagynda 24 milliard ABŞ dollaryndan gowrak girdeji gazanmagy başardy” – diýip belläp geçdi.

Maslahatyñ dowamynda Bursanyñ Türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi mynasybetli 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda «Beýogly medeni ýoly» festiwalynyň çäklerinde 2022-nji ýylda ikinji gezek guralmagy göz öňünde tutulýan «Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwaly» atly bäsleşiginiñ hem Bursada geçiriljekdigi nygtaldy.

«Beşiktaş» ― Türkiýäniň naýbaşysy

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň biletleriniň bahasyny arzanlatdy

Gyş paslynda berjaý edilmeli kadalar

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

Teswirle