Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde türki dünýasiniň synçylarynyň simpoziumy geçirilýär. Ol türki dünýäsinda medeniýet we metbugat ulgamyndaky tejribe alyş-çalşygyny ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýär. Türki döwletleriniň žurnalistleriniň simpoziumy Türkiýe Respublikasynyň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan gurnalýar.
Şu gün simpoziumyň açylyş dabarays geçirildi. Onda guramaçy tarap – Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň ýaýlym bölüminiñ başlygy, TRT teleýaýlymynyñ direktorlar geñeşiniñ agzasy dosent Oguz Göksu çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda häzirki dünýäde ýalan habarlaryñ ýaýradylmagynyñ öñüni almak, şeýle-de habarlaryñ gereginden artyk ýoýulmagyna garşy göreşleriñ alnyp barylýandygy baradaky täsirli we gyzykly maglumatlary beýan etdi.
Soñra simpozium oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary, sorag-jogap alyşmalaryň üsti bilen dowam etdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu simpoziuma “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysy bilen bir hatarda Türkmenistandan “Orient”, “Türkmenportal” hem-de “SalamNews” ýaly internet neşirleriniň hem wekilleri gatnaşýar.
Maksatnamanyň soňky gününde — 28-nji aprelde simpoziuma gatnaşyjylar dünýäniň iň uly awiasiýa we tehnologiýa festiwalyna — TEKNOFEST-e gatnaşarlar.
Şeýle hem simpoziuma gatnaşmak üçin gelen žurnalistler üçin mednei maksatnama hem taýýarlanyp, onda deňizde gämili gezelenç guraldy.
Türki döwletleriň synçylarynyň simpoziumy 2014-nji ýylda döredildi. Onda umuman, köpçülikleiýn habar beriş serişdelerindäki hyzmatdaşlyk, metbugatyň orny barada gyzykly çykyşlar diňlenilýär.