JEMGYÝET

“Türkhowaýollary”: noýabr aýynyň gatnaw meýilnamasy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada, Russiýanyň Soçi şäherine, Alžir, Hindistanyň Mumbaý hem-de Deli şäherlerine hem-de Tailandyň Bangkok şäherlerine uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär. “Anadoly” habarlar gullugynyň habar bermegine görä,  “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy noýabr aýy boýunça daşary ýurt gatnawlary babatda käbir ugurlaryny mälim etdi.

Awiakompaniýanyň resmi internet sahypasyna salgylanyp taýýarlanan habarda täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli wagtlaýyn togtadylan gatnawlaryň iýun aýyndan başlap, tapgyrma-tapgyr täze ýola goýlup başlanandygy we noýabr aýy üçin hem meýilnamalaryň mälim edilendigi bellenildi.

AŞGABADA GATNAW BOLARMY?

Noýabr aýynda täze ugurlara halkara gatnawlaryny amala aşyrmakçy bolan “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada, Russiýanyň Soçi şäherine, Alžir, Hindistanyň Mumbaý hem-de Deli şäherlerine hem-de Tailandyň Bangkok şäherlerine, şeýle hem Kolumbiýanyň Bogota, Saud Arabystanynyň Dammam, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherlerine gatnawlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek, “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy ozal hem birnäçe gezek Aşgabada gatnawlary ýola goýmak meýilnamasyny mälim edipdi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Ata Watan Eserleri

Ukrain kompaniýasy Aşgabatda metro gurmagy teklip edýär

“Rönesans Holding” alternatiw energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar

“Çalyk Holding” Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny artdyrýar

Türkmenistan halkara bazary üçin sement önümçiligini artdyrýar

Ata Watan Eserleri