TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türk uniwersitetleri täze okuw ýyly üçin talyp kabul etmäge başlaýar

Täze ýylyň gelmegi bilen esasan hem orta mekdepleriň soňky synpynda okaýan okuwçylar üçin ýokary okuw mekdeplerine girmek  bilen baglanşykly gyzgalaňly möwsüm başlaýar. Şonda ýaş oglan-gyzlarymyzyň bir topary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak islese, ýene bir topary bilimini daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerinde almak isleýär. Biz Ata Watan media topary bolup saýtymyzyň bilim sahypasynda ýurdumyzyň we halkara uniwersitetleriň talyp kabul edilşik we stipendiýalar baradaky habarlary yzygiderli ýetirip gelýäris.

Daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň aglaba bölegi Türkiýe döwletini saýlap alýandygyny hasaba alyp, ilkinji habary Türkiýäniň abraýly ýokary mekdepleriniň biri bolan Özýegin uniwersitetiň 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyplary kabul etmek baradaky habary bilen başlaýarys. Ýadyňyzda bolsa ýaňy ýakynda Türk döwlet stipendiýalar baradaky habary saýtymyza ýerleşdiripdik. Ýeri gelende bu stipendiýalar üçin resminamalaryň kabul etmegiň Ýanwar aýynyň 10-na başlaýandygyny ýatladyp geçýaris.

Özýegin uniwersiteti 2023-2024-nji ýyl üçin resminamalary üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap kabul edip başlady. Özýegin uniwersitetleri häzirki wagtda halkara we ýerli sanawlarda Türk uniwersitetleriň arasynda öňdäki orunlarda durýär. Bu uniwersitet birnäçe degişli halkara guramada akkredatsiýa edilen.

 

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän Özýegin Uniwersiteti Türkmenistanly talyplara bölekleýin “talyp haky” hödürleýär. Bu uniwersitetiň esasy aýratynlarynyň biri hem öz umumy ýaşaýyş jaýynyň bolmagydyr. Bu bolsa, daşary ýurtda bilim almagyň esasy çykdajylarynyň birini emele getirýän ýaşaýyş jaý  çykdajylaryny azaltmak  mümkinçiligi bermegidir.

Umumy ýaşaýyş çykdajylaryňyzy tygşytlaň!

Uniwersitetiň hasaplamagyna görä, Stambulyň Aziýa böleginde galsaň ýyllyk ýaşaýyş jaý üçin çykdajylar naharlanmak we sporty goşmak bilen 6500 dollardan 14 müň amerikan dollaryna çenli çykyp bilýär. Bu görkeziji Stambulyň Ýewropa böleginde bolsa 7800 amerikan dollaryndan 19800 amerikan dollaryna çenli çykyp bilýär. Emma eger-de talyp Özýegin uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda galsa agzalan çykdajylaryň möçberi 2500 dollardan 4800 amerikan dollary aralygynda bolup biler.

Özýegin uniwersite resminamalary gönüiden göni özüňiz online görnüşde hem ýüz tutup bilersiňiz. Egerde SIz 40-45 göterime çenli okuw töleginden arzanladyşdan peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda Atavatan Danışmanlık ve Tercüme LTD kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz. Mälim bolşy ýaly düýn saýtymyzda ýerleşdirilen habarda hem bellenişi ýaly, Özýegin uniwersiteti 2023-nji ýyl üçin Türkiýäniň iň abraýly uniwersitetleriň sanawynda hem öz ornuny tapypdyr.

 

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”-niň salgysy:

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ Stambul

e-mail salgysy : atavatantranslation@gmail.com 

Telefon:

+90 532 401 71 52

+90 530 251 36 73

+90 212 633 40 00

Özýegin uniwersitetine ýerleşmek üçin ilki pasport, 3 ýyllyk baha we attestatyňyzyň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjimesine ýüz tutup bilersiňiz. (Habarlaşmak üçin:  +993 63 78 96 73,

makulhyzmat@gmail.com

Soňra bu resminamalaryňyz bilen Atavatan Danışmanlık Ltd kompaniýasyna ýüz tutýarsyňyz. Kompaniýa resminamalaryňyzy Uniwersitete hödürleýär. Uniwersitet Siziň Attestat bahalaryňyza seredýär we talaba laýyk bolsa, Size okuw jaýyna kabul edýär. Okuw jaýyna kabul edileňizden soňra, Size çakylyk haty berilýär. Çakylyk haty bilen “Talyplyk wizasyny” almalydygyňyzy unutmaň!  Türkiýe wiza üçin zerur resminalaryň sanawyny saýtymyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Täze ýyl gijesinde “You Tube” wideolaryny aňsatlyk bilen tomaşa etmek

“Türkiye Bursları 2023” talyp haky maksatnamasy başlaýar

 

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Teswirle