SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk raýatlaryna Türkmenistanda sanjym etmegiň tertibi

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym etmek isleýän Türkmenistandaky türk raýatlary üçin bildiriş çap edilipdir.

Şoňa görä, Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlarynyň koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilmegi babatda ilçihana tarapyndan Türkmenistanyň “Covid-19” ýokanjyna garşy milli sanjym meýilnamasyna goşmak boýunça degişli edaralara ýüz tutulandygy bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolmaga isleg bildiren türk raýatlarynyň talaby türkmen tarapyndan ýetirilendigi aýdylýar.

Şonuň netijesinde, türkmen tarapy Aşgabatda ýaşaýan türk raýatlarynyň 15-nji saglyk öýüne ýüz tutup, her gün 13:00-17:00 arasynda “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym alyp biljekdigi mälim edildi.

Degişli saglyk öýüniň ýolbaşçylygy ilçihana beren maglumatynda adamlaryň köp sanlysynyň üýşmeginiň öňüni almak üçin bir sagadyň dowamynda 16 adama sanjym etmegi meýilleşdirilýändigini, 13:00-17:00 sagatlary aralygynda agyz-burun örtügini dakynyp, araçägi saklamak maksady bilen saglyk öýüne ýüz tutyp biljekdikleri mälim edildi.

Şonuň netijesinde, şol bir firmada işleýän türk raýatlarynyň bilelikde hereke tedip, degişli saglyk öýüne öňünden ýüz tutyp, degişli wagtlarda agyz-burun örtügini dakynyp we araçägi düzgünini berjaý edip, koronawirus ýokanjyna garşy sanjym alyp biljekdigi bellenildi.

Aşgabadayň çäginiň daşynda bolan türk raýatlarynyň haýsy saglyk öýünde sanjym etdirip biljekdigi barada türkmen tarapyndan jogaba garaşylýandygy bellnilýär.

Aşgabadyň çäginden daşarda bolýan türk raýatlaryna jogap berýän kompaniýalaryň we firmalaryň sanjym bolmak isleýän raýatlarynyň maglumatlaryny ilçihananyň elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabad@mfa.gov.tr) iberip biljekdigi mälim edilýär.

Bu barada has köp maglumat almak üçin +99312940027 we +99312940029 telefon belgilerinden habarlaşyp bilerler.

 

Türkiýäniň uniwersitetlerinde okuwlar nähili alnyp barlar?

 

Ýene-de okaň

Ady rowaýata öwrülen taryhy Grand bazar – ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna «Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty» berildi