JEMGYÝET

Türk ministri: Türkmenistandan tebigy gaz almak üçin birnäçe ugurlar bar

“Turkuwaz” media topary tarapyndan geçirilen “Energetika we daşky gurşaw” atly 6-njy foruma gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä getirmek üçin degişli şertnamalaryň baglaşylandygyny mälim etdi.

Türk metbugatynyň habaryna görä, energetika mowzugyna degişli sowallara jogap beren türk ministri Türkmenistanyň tebigy gazy köp ýyllardan bäri gün tertibinde saklanyp gelinýän esasy mowzuklaryň biri bolup durýandygyny belledi.

– Degişli şertler döredilýär. Türkmenistandan tebigy gazy Türkiýä getirmek üçin ilkinji ugur Eýranyň üsti bilen “swap” usuly bilen getirmekden ybaratdyr. Ikinji ugrumyz Eýranyň ýa-da Azerbaýjanyň üsti bilen ýene-de “swap” usuly bilen getirmek bolar. Üçünjisi bolsa, Hazar deňzinden turba geçirijiler arkaly getirmekdir. Soňky ugur köp ýyllyk hem-de durnukly ugurlaryň biridir. Türkmenistandan 2 milliard kubmetr tebigy gazy çalt depginde kabul etmek mümkinçiligi bar – diýip, ministr belledi. 

Mälim bolşy ýaly, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tükriýäniň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Şol ylalaşyklaryň hatarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bardy.

.

Ýene-de okaň

Ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklandy

BMG-niň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler