TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalar toparynyň “Rönesans Endüstri Tesisleri” kompaniýasy Türkmenistanda durmuşa geçirilen dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren desganyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. GTG taslamasy — gas to gasoline — senagat derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda amala aşyryldy.

Türk metbugatyndaky habara görä, “Rönesans Holding” kompaniýalar topary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetleriniň 14-nji mejlisinde Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekişdi.

2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ” Itochu Cooperation” kompaniýasynyň direktory Hiroýuki Subai hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi we taslamany amala aşyran türk we ýapon kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda gazanylan ähtnama  “Rönesans Holding” kompaniýalar topary bilen bir hatarda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, “Kawasaki Heavy Industries” we “Itochu Cooperation” kompaniýalarynyň wekilleri gol çekdiler.

2014-2019-njy ýyllar aralygynda “Kawasaki Heavy Industries” ýapon kompaniýasy bilen “Rönesans Holding” kompaniýalar topary Ahal welaýatynda dünýädäki ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurdy.

Umumy bahasy 1,7 milliard dolalr bolan bu döwrebap kärhana 2019-njy ýylyň iýunynda işe girizilip, onda her ýyl 1,785 milliard kubmetr tebigy gaz gaýtadan işlenilip, 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin we suwuklandyrylan gaz önümçiligi göz öňünde tutuldy.

Täze gazanylan ähtnama laýyklykda, bu desganyň ikinji tapgyryny gurmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik

Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» boýunça bäsleşik

Teswirle