TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türk diplomaty Baş Assambleýanyň başlyklygyna saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisler zalynda Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň ýolbaşçysynyň saýlawy geçirildi. Koronawirus ýokanjy sebäpli  Assambleýanyň boş zalyna BMG-ä agza ýurtlaryň wekilleri birme-bir gelip, ses berdiler. Ses beren wekiller soňra BMG-niň ştab-kwartirasyndan çykyp gitdiler. Bu barada BMG-niň Täzelikler gullugy habar berýär.

Ses berişligiň netijesine görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýanyň başlyklygyna türk diplomaty, syýasatçy Wolkan Bozkyr saýlandy.

Baş Assambleýanyň ýolbaşçysy bäş sebit toparynyň arasynda rotasiýa ýörelgesine laýyklykda saýlanýar. Bu gezek bu ýokary wezipä Günbatar Ýewropa we beýleki döwletleriň toparlary, esasanam Türkiýäni öz içine alýan topardan saýlanmaly boldy. bu topardan ýeke-täk dalaşgär görkezildi. Ol hem türk diplomaty boldy. ýeke-täk dalaşgär bolandygy üçin ses berişlik geçirilmese-de bolýardy, ýöne käbir ýurtlar onuň geçirilmegini isledi. Şeýlelikde 178 ýurduň wekili Wolkan Bozkyra ses berdi.

Wolkan Bozkyr şu ýylyň sentýabr aýyndan bu wezipä girişip, indiki ýylyň sentýabr aýyna çenli Baş Assambleýanyň ýolbaşçysy bolar.

69 ýaşly Bozkyr Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň işleri boýunça ministri wezipesinde işledi. 1989-njy we 1992-nji ýyllar aralygynda Türkiýäniň Nýu-Yorkdaky baş konsuly we 2005-2009-njy ýyllar aralygynda ÝB-däki hemişelik wekil bolup işledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle