TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türk çaýynyň eksporty

Türkiýäniň Gündogar Gara deňiz sebitiniň eksportçylary birleşmesiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar we noýabr aýlary aralygynda Türkiýe döwleti 4 müň 135 tonna türk çaýyny eksport edip, 15 million 452 müň 479 dollar girdeji gazandy, diýlip habar berilýär. Geçen ýyl Türkiýe döwleti 3 müň 537 tonna türk çaýyny eksport edip, 13 million 254 müň 601 dollar gazanypdyrlar.

Bu babatda geçen ýyl bilen üstümizdäki ýyl deňeşdirilende, çaýyň eksporty 17% göterim ýokarlanypdyr. Türk çaýy esasan hem 11 aýyň döwründe Belgiýa, Germaniýa we Niderlandlar Patyşalygy ýaly ýewropa ýurlaryna köp mukdarda satylypdyr. Hususan hem şu wagtky döwürde Belgiýa 4 million 853 müň 670 dollar, Germaniýa 2 million 186 müň 36 dollar we Niderlandlar Patyşalygyna bolsa 1 million 219 müň 267 dollar pul möçberinde türk çaýy eksport edilipdir.

Şeýle hem türk çaýy Ýemen, Bagama, Indoneziýa, Gabon, Burkina – Faso, Kabo – Werde, Estoniýa, Serbiýa, Zambiýa, Wýetnam we Mawritiýa ýaly ýurtlara hem eksport edilipdir.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Gruziýadan gelen telekeçi türkmen dokma önümlerini satyn aldy

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Teswirle