TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Türk akymy” taslamasynyň Serbiýa bölegi işe girizildi

Russiýa Federasiýasynyň tebigy gazyny Türkiýä we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyryljak “Türk akymy” gaz geçirijisiniň Serbiýa bölegi ulanmaga berildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Serbiýanyň demirgazygyndaky Zabalj sebitindäki Gospodinji ýerinde geçirilen dabara ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiç hem gatnaşdy. Bu taslamanyň Serbiýadaky maýa goýumlaryna ünsi çeken Prezident Wuçiç tebigy gazyň Serbiýanyň üsti bilen Wengriýa we Bosniýa-Gersogowiniýa hem eltilejkdigini aýtdy.

Serbiýanyň “Serbiýagaz” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Duşan Baýatowiç bu gaz geçirijisi arkaly Serbiýa 6 million kubmetr tebigy gazyň üpjün ediljekdigini belledi.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileri Hytaýdaky sergä çagyryldy

Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen gol çeken şertnamasyny tassyklady

Birža täzelikleri: türk telekeçileri awtobenzin satyn aldy

Teswirle