TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tuhel tälimçilikden boşadyldy

Fransiýanyň “PSŽ” futbol toparynyň baş tälimçisi Tomas Tuhel toparyň tälimçilik wezipesinden boşadyldy diýip, Germaniýanyň “Bild” neşiri habar berýär. Bu maglumaty fransiýanyň “RMC Sport” teleýaýlymy hem tassyklaýar.

Tejribeli hünärmen sport direktory Leonardonyň karary bilen işden boşadyldy. Häzirki wagtda Fransiýanyň futbol çempionatynda “PSŽ” topary öňdäki toparlardan bir utuk ara tapawudy bilen üçünji orunda barýar.

Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyr duşuşygynda bolsa,  dünýä belli Ispaniýanyň “Barselona” futbol topary bilen duşuşar.  “Bild” neşiriniň habar bermegine görä, 47 ýaşly tejribeli nemes tälimçi, has köp Angliýanyň Premýer-liga çempionatynda tälim bermek isleýär.

2018-nji ýylda “PSŽ” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenen Tomas Tuhel bu topar bilen jemi 6 kubok gazandy. Olaryň ikisi çempionatyň kubogy bolup durýar. Şeýle hem Tuheliň tälim bermeginde “PSŽ” futbol topary geçen möwsümde Çempionlar ligasynyň final duşuşygyna çykyp, kümüş medaly gazandy. Tuheliň şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanýandygyny hem bellemek bolar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle