TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Tuhel “Bawariýa” toparynyň täze tälimçisi boldy

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň tälimçisi Ýulian Nagelsmanny wezipesinden boşatmagy sport metbugat neşirlerinde giň gzyyklanma döretdi. Onuň ýerine ýene-de german tälimçi Tomas Tuhel bilen bellendi.

Mýunhen toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “Bawariýa” toparynyň ýolbaşçy düzümi 35 ýaşyndaky Ýulian Nagelsmann bilen hyzmatdaşlygy bes etmek hakynda karar kabul etdi. Ýaş tälimçisi 2021-nji ýylda wezipä bellenipdi.

Toparyň täze tälimçisi Tomas Tuhel bilen 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy.

Ýulian Nagelsmann bilen “Bawariýa” topary 2021-nji we 2022-nji ýyllarda Germaniýanyň Superkubogyny gazandy we 2021-202-nji möwsümde çempion boldy.

“Bawariýa” topary häzirki wagtda Germaniýanyň çempionatynda ikinji orunda barýar we Çempionlar ligasynda 1/4 finala çykdy.

Tomas Tuhel soňky gezek Angliýanyň “Çelsi” toparyna tälim beripdi we 2022-nji ýylyň sentýabrynda wezipesinden boşadylypdy.

Tuhel Germaniýanyň çempionatynda “Maýns” we “Borussiýa Dortmund” toparlaryna tälim berdi. Şeýle hem ol “PSŽ” toparynyň tälimçisi boldy.

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle