SIZDEN GELENLER

Tudana we onuň peýdasy

Bahar paslynyň ilkinji aýlarynda tut agaçlayrnyň ýaprak salyp, kölege berip başlan döwründe, hemmeleriň akylyna haçan tudana bişer diýen sowal gelýän bolmaly.

Oba hojalyk pudagynda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek möhüm ähmiýete eýedir. Tut agaçlaryny ösdürmek ýüpekçilik bilen birlikde, onuň miwesini iýmit we söwda maksatly ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri meşhur bolan bu agajy ösdürip ýetişdirmegiň ykdysady bähbitleri ýeke bir ýüpekçilik we miweçilik bilen çäklenmeýär.

Tut agajynyň miwesi bolan tudanany iýmit hökmünde peýdalanmak Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Tudananyň şiresine, onuň kakadylyp we gaplanylyp taýýarlanan görnüşlerine bütin dünýäde isleg ýokarydyr. Dürli elementlere we ýokumlara baý bolan tut ýapragy saglyk üçin örän peýdalydyr.

Ol Aziýa ýurtlarynda dürli keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, öňümizdäki ýyllarda lukmançylykda, derman önümçiliginde tut ýapragyna bolan islegiň barha artmagyna garaşylýar. Tut agajynyň dermanlyk häsiýeti babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňişleýin maglumat berilýär.

Umuman, köpleriň galyberse-de, çagalaryň söýgüli nygmaty bolan tudana diňe bir süýji tagamy bilen däl, eýsem, saglyga peýdasy bilen hem tanalýar. Ol, köplenç, buzgaýmaklara we süýjülik tortlaryna tagam bermekde, dürli şerbetleri taýýarlamakda ulanylýar.

Tudana düzüminde birnäçe witaminleri we minerallary saklaýandygy üçin, iň oňat miweleriň biri hasaplanýar. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, efir ýagy, C, E, K, PP witaminleri, B witaminler toplumy we karotin bar. Şeýle-de ol düzüminde kalsiý, natriý, magniý, fosfor, kaliý, sink, mis we demir ýaly ýokumlary saklaýar. Tudana dürli keselleri bejermekde peýdaly miwedir.

Beloklara, uglewodlara, kletçatkalara baý bolan tudana ganazlykda we bedeniň alyş-çalyş işini dikeltmekde ulanylýar. Şeýle hem bu miwe öthaltanyň ýollarynyň näsazlygynda we garyn-içege kesellerinde has-da peýdalydyr.

Ol dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, agyz boşlugynda döreýän ýaralarda, peşew çykarmakda, üsgülewükde, öýken kesellerinde, bronhitde we böwrek näsazlyklarynda hem şypalydyr. Maddalaryň çalyşmasynyň näsazlygynda, ýag ýygnamakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde tudana iýmek maslahat berilýär.

Tudana düzüminde köp mukdarda fosfor bardygy sebäpli, göwreli zenanlar, talyplar we ylym bilen meşgullanýanlar üçin tapylgysyz nygmatdyr. Tudananyň düzümindäki karotin, C we E witaminler güýçli tebigy antioksidantlar hasaplanyp, bedeni köp sanly nähoşluklardan goraýar.

Tudana miwesiniň örän ýumşak bolýanlygy sebäpli, onuň saklanylyş möhleti hem gysgadyr. Şonuň üçin ol terligine, diňe hasyly ýygnalýan döwürde sarp edilýär. Ýöne gara tudanalary sowuk howaly ammarlarda bir aý möhlete çenli saklamak bolýar. Şeýle edilmegi gara tudanany azyk senagatynda peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde diýen ýaly, oba ýerlerinde we ekin meýdanlarynyňdyr çeşme-çaýlaryň ýanynda ösüp oturan tut agaçlaryny görmek bolýar. Çünki eziz Diýarymyzda ýylyň islendik paslynyň howa şertleri tut agajy üçin oňaýlydyr. Tut agajyny ýetişdirmekde ildeşlerimiziň uzak ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesi bolup, ýurdumyzda tutçulygy ösdürmegiň uly ykdysady mümkinçilikleri bardyr.

Şatlyk Öwezmämmedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/taze-kesel-maymyn-mama/

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady