Dünýäniň iň güýçli pasporty

2020-nji ýyl üçin iň güýçli pasportlaryň arasynda öňdeligi ýene-de Aziýadan Ýaponiýa döwleti eýeledi. Halkara Howa Aragatnaşyk Bileleşiginiň maglumatlary esasynda düzülen “Henleý” pasport görkezijisinde Ýaponiýanyň pasporty 1-nji orunda durýar. Bu görkeziji wizasyz diňe pasport arkaly daşary ýurt döwletlere gitmek mümkinçiligi esasynda kesgitlendi.

Ýaponiýanyň  pasporty 3 ýyl bäri birinjiligi eýeläp, onuň raýatlaryna 191 döwlete wizasyz gidip-gelmek mümkinçiligini döredýär. Bu sanawda ikinji orny Singapur döwleti, üçünji orny bolsa Günorta Koreýa bilen Germaniýa döwleti eýeleýär.

2020-nji ýylyň iň güýçli pasportlary:

 

1. Ýaponiýa (191 ýurtlar)

2. Singapur (190 ýurtlar)

3. Günorta Koreýa/Germaniýa (189 ýurtlar)

4. Italiýa, Finlýandiýa (188 ýurtlar)

5. Ispaniýa, Lýuksemburg, Daniýa (187 ýurtlar)

6. Şwesiýa, Fransiýa (186 ýurtlar)

7. Şwesariýa, Portugaliýa, Niderlandlar Patyşalygy, Irlandiýa, Awstriýa (185 ýurtlar)

8. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Angliýa, Norwegiýa, Gresiýa, Belgiýa (184 ýurtlar)

9. Täze Zelandiýa, Malta, Çehiýa, Kanada, Awstraliýa (183 ýurtlar)

10.Slowakiýa, Latwiýa, Wengriýa (181 döwletler)

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *