Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamak mümkinçiligi

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren okuwçylary saýlap almak harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 11 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 7-nji synpy tamamlaýan we Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren 14-15 ýaşyny dolduran ýetginjek oglan raýatlaryň arasynda geçirilýär. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Bu mekdeplerde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar we şol arzanyň ýanyna aşakda görkezilen resminamalar goşulýar.           

  1. Dalaşgäriň ene-atasynyň harby wekiliň adyna ýazan arzasy;
  2. Dalaşgäriň ene-atasynyň şahsyýetini tassyklaýjy resminamalaryň nusgasy;
  3. Terjimehal we bellenen nusgada sowalnama;
  4. Dogluş hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;
  5. Okaýan orta mekdebiniň 7-nji synpdaky ýetişigi barada resminama (1,2,3 çärýeklerinden göçürme);
  6. 6 sany 3x4, 4 sany 4x6, 2 sany 9x12 ölçeglerdäki, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;
  7. Okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
  8. Okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhri bilen tassyklanylan nusgasy;
  9. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologiki, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);
  10. Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;
  11. Ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;
  12. Ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
  13. Eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da nikasy bozulan bolsa tassyklaýjy resminamanyň nusgasy;

Dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 11 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 7-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär. Ýöriteleşdirilen harby mekdebi tamamlanlaryň Türkmenistanyň ýokary harby okuw mekdeplerine çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden okuwa girmäge hukugy bardyr.

Rastgele Haberler

Türkmenistan’ın tarım ürün ihracatı arttıyor

Ocak 9, 2020 - 7:33 PM
Geçen yıl, ülkenin tarım üreticileri kavun, meyve ve sebze ve baklagil hasadı yetiştirdi. Özel sektör, tarım sektörünün potansiyelinin güçlendirilmesinde ve ithalat ikamesi ve ihracat yönelimi devlet programlarının uygulanmasında önemli bir rol oynamaktadır.
Daha fazla oku

Türkmen Lider, Aşkabat’ın projelerini inceledi

Ocak 9, 2020 - 7:30 PM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, Aşkabat şehrine iş gezisini gerçekleştirerek, bazı projeleri değerlendirdi. Türkmen Lideri’ne inşaat, elektrik enerji ve kamu hizmetlerinden sorumlu Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı Çarımurat Purçekov ve Aşkabat Belediye Başkanı Şamuhammet Durdılıyev eşlik etti.
Daha fazla oku

Hytaýyň ilaty 1,4 milliard adamdan geçdi

Ocak 18, 2020 - 12:36 PM
Hytaýyň ilaty Gonkong, Makao we Taýwan ýaly ýöriteleşdirilen etraplary hasaba alynmazdan, 2019-njy ýylyň ahyrynda 4,67 million adam köpelip, 1,4 milliarddan gowrak boldy. Bu barada Hytaýyň döwlet statistika edarasy habar berýär.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *