Kerimguly Geldiýew

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Ykdysady özgertmeleriň netijeleri

"Milli ykdysadyýeti özgertmegiň döwrebap ugry"  baradaky seljermämize dowam edýäris. Bilşimiz ýaly, ykdysady özgertmeleriň netijelerini, ykdysady ösüşi hasaplamak makroykdysady görkezijiler bilen alamatlandyrylýar. JIÖ, maýa goýum mukdary, iş üpjünçiliginiň derejesi, milli puluň durnuklylygy, daşary söwdada deňagramlylygyň gazanylmagy zerurdyr. Adam hakdaky aladanyň barha artmagy bilen, Adam ösüş indeksiniň düzüjileri, ýagny sowatlylyk, girdeji derejesi we ömür dowamlylygy üns merkezine ýerleşýär. Durnukly Ösüş Maksatlary hem bu jähtden ähmiýetli bolup durýar. Türkmenistanyň durnukly ösüşini gazanmak üçin maksatnamalaýyn-maksatlaýyn çemeleşme ulanylýar. Başga sözler bilen aýdanyňda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi gysga, orta we uzak möhletleýin maksatnamalaryň utgaşdyrylmagynyň esasynda amala aşyrylýar.

Syýasy babatda alnanda bolsa, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, Halkara guramalarynyň işlerini alyp baryş usullary we beýleki faktorlar global ykdysady hereketliligiň ugruny belleýär. Döwlet ykdysady syýasatyň çäklerinde salgyt, pul-karz, daşary ýurt pul, nyrh, daşary söwda syýasatyny alyp barýar. Önümçilige esaslanýan ykdysady özgertmeler ähli döwürde ýokary netijelilige eýe bolup durýar. Ýaş zähmet güýji ýokary bolan ýurtlarda bolsa has hem uly orun tutýar. Sebäbi, iş üpjünçiligi esasy makroykdysady görkezijileriň biridir.

Türkmenistan durmuş - ykdysady özgertmeleriň milli modelini durmuşa ornaşdyrýar. Özgertmeler syýasaty oýlanyşykly işlenip düzülen döwlet we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde hakyky miwelerini berýär. Ýurdumyzy ösen döwlete öwürmek ugrunda tutumly işler rowaçlyklara beslenýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025–nji ýyllarda durmuş – ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler eýýäm öz oňyn netijelerini berýär. Şu ýylyň 9 aýynyň jemine görä JIÖ ösüş depgini 6.3% amal edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş gazanylmagy ýurdumyzy täze sepgitlere höweslendirýär. Iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak ugrunda täze çemeleşmeler iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Daşary söwdanyň oňyn derejesini gazanmak üçin maksatnamalaýyn işler amal edilýär. Häzirki zaman düýpli özgertmeleriň netijeliligi hem şowlulygy döwlet işine hemme ugurlarynyň yzygiderli kämilleşmegini üpjün edýän köpugurly çemeleşmäni dürs saýlap almak başarnygyna bagly bolup durýar. [1, 60]

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýedi ýyllyk döwür üçin esasy ykdysady çelgi bolup çykyş edýär. Maksatnamanyň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligini we halkymyzyň durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny,  bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýetiň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etdirmekden ybarat bolup durýar. [2]

4-nji senagat rewolýusiýasynyň esasy aýratynlyklary maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyny, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda kompýuter we Internet hökmany talap bolup çykyş edýär. Singapur Respublikasynyň port ulgamyny dünýä nusgalyk derejä çykarylmagynda dünýäde ilkinjileriň hatarynda amallaryň awtomatlaşdyrylmagy we salgyt ýeňillikleriniň üpjün edilmegi esasy üstünlik faktory bolup çykyş edýär.

Açyk ykdysadyýet, diňe daşary söwdany ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem içerki bazarda hem bazar gatnaşyklarynyň alamatlarynyň doly üpjün edilmegi gerekli bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýeti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýar.

Aslynda dünýä tejribesinde bazar gatnaşyklarynyň we merkezi ykdysady ulgamlaryň we beýleki ulgamlaryň doly ulanylýan döwleti ýok diýlip alynýar. Sebäbi, döwlet öz funksiýalaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirmek üçin ykdysady aktýor hökmünde rolyny ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, garyşyk ykdysady model dünýä düzünde giňden ulanylýar. Mysal üçin, ABŞ bazar gatnaşyklaryna ýakyn alamaty görkezse, Germaniýa durmuş üpjünçiligini ilkinji hatara goýýar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty köpmaksatlaýyn häsiýete eýedir we özüniň manysy boýunça durmuşy bähbitlere gönükdirilip, munuň özi Durnukly ösüşiň maksatlaryna (DÖM) laýyk gelýär, [3, 27]

«Döwlet adam üçindir!» taglymaty dünýäde rowaçlanýar. Bu düşünjäniň ýokary göterilmegi ýurdumyzda konstitusion kada bilen berkidilen. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.» beýan edilmegi döwletiň ykdysady syýasatynyň gözbaşydyr. [4, 29]

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Halkara ykdysady gatnaşyklar bölümi döredildi. Bölümiň esasy wezipeleri hökümetara iş toparlarynyň işini utgaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalarynyň ykdysady, maliýe we tehniki seljermesini geçirmek ýaly strategik meseleleri öz içine alýar. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän häzirki ýagdaýlar aglaba döwletlerde ykdysady ösüşiň depginleriniň peselmegi, halkara çig mal, gazna we maliýe bazarlarynyň durnuksyzlygy, Ýer togalagynyň dürli sebitleriniň deň ösmeýändigi we ählumumy ykdysadyýetiň işlemegine täsir edýän beýleki birnäçe amatsyz şertler bilen häsiýetlenýär. Şeýle ýagdaýda önümçilik ulgamyny utgaşdyrmaga, harytlaryň ýerlenýän bazarlaryna düýpli täsir etmäge, serişdelere, ulag we energetiki akymlara gözegçilik etmäge çalyşýan täze ykdysady we maliýe-ykdysady merkezleri döretmegiň durnukly meýilleri ýüze çykýar. [5, 19]

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi - täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligi sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. [6] Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. [7]

Daşary söwda we ykdysady özgertmeleriň hem özara baglanyşygy bardyr. Ähli ýurtlar bäsdeşlik artykmaçlygyna eýe bolmak, daşary söwdada profisiti gazanmak arkaly JIÖ görkezijisiniň ýokary bolmagyny gazanmak maksat edinilýär. Eksportyň ýokary bolmagy jemi hyrydarlygy we jemi hödürlemegi artdyrmak bilen ykdysady ösüşi gazandyrýar. Ahyrky sarp harytlarynyň importy jemi hyrydarlyk we jemi hödürlemegiň derejesine, şol bir wagtda daşary söwdada defisite ýol açmagy bilen oňaýsyz ýagdaýa sebäp bolýar. Önümçilik tehnologiýalarynyň we ýarym fabrikatlaryň importy bolsa intensiw ösüşe sebäp bolmak bilen ykdysady ösüşe ýardam edýär. Şu ýagdaýda importy doly çäklendirmek ýerine, önümçilige gönükdiriljek faktor importyna amatly gümrük we salgyt şertlerini üpjün etmek senagatlaşmagy nazarlaýan ykdysadyýetiň düzüminiň berkemegine itergi berer.

Döwlet-hususy bölek hyzmatdaşlygy, maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, döwlet bilen hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ykdysadyýeti ösdürmegiň geljegi bolan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Bu bolsa 2025-nji ýyla çenli döwlete dahylsyz bölegiň JIÖ-däki paýyny, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, 73.2%-den gowrak artdyrmaga mümkinçilik berer.[8]

Netijede, milli ykdysadyýeti özgertmegiň döwrebap ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak arkaly Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistany ösen döwletleriň hataryna goşmak mümkin bolar.

  1. Oba hojalygy we agrosenagat toplumy azyk garaşsyzlygyny üpjün edýän strategik pudak bolmak bilen, JIÖ paýyny azaltmak, pudakda intensiw önümçilik usullaryny ulanmak bazar gatnaşyklarynyň talaplarynyň biridir.
  2. Ýurdumyzda ýaş senagatyň ösüşiň indiki tapgyryna geçmegini gazanmak üçin, ony tapgyrlaýyn esasda halkara bäsleşige goşmak bilen, onuň halkara derejesinde bäsleşige ukyply etjek innowatiw, guramaçylyk häsiýetlerini pugtalandyrmak zerur bolup durýar.
  3. Ýurdumyzda öndürilmegi uly çykdajylara getirjek çig mallaryň, tehniki enjamlaryň we innowatiw tehnologiýalaryň import mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly senagatlaşmagy ýokarlandyrmak we taýýar önümleri eksport etmek üçin döwlet goldaw mehanizmini işe girizmek ösýän ykdysadyýetlerde kuwwatly önümçilik senagatynyň binýadyny düzýär.
  4. Daşary ýurtlarda kapitala berilýän göterim girdejileri pes bolmagynda galýar. Şu ýagdaýda ösüp barýan ýurtlarda LIBOR we EURIBOR+5% karz şertleri döreýär. Bu ýagdaý daşary ýurt göni maýa goýumlaryny çekmäge ýol açýar. Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa ýaly döwletler ýurdumyzda iri senagat desgalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu tejribäni pudaklara giňeltmek netijeli bolup biler.
  5. Maglumat eýýamynda häzirki zaman şertlerde ikinji Älem orbitasyna mätäçlik duýulýar. 5G tehnologiýasyna geçmek we beýleki maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny düýpli gowulandyrjak taslamalar Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde amal edilýär.

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. G. Berdimuhamedow, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, Aşgabat. 2010.
  2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň MAKSATNAMASY, Aşgabat. 2019
  3. G. Berdimuhamedow, Türkmenistan Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmegiň ýolunda, Aşgabat, 2018.
  4. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi, 2016ý.
  5. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrynyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasy, Aşgabat. 2017.
  6. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy, 2018.
  7. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, 2017.
  8. Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi atly ylmy-amaly maslahatyň tezisler ýygyndysy, Aşgabat, 2019.

Tüm Yazılar

Rastgele Haberler

Türkmenistan’dan Ukrayna’ya taziye

Ocak 10, 2020 - 10:21 AM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, Ukrayna Cumhurbaşkanı Vladimir Zelenski’ye İran'ın başkenti Tahran'da Ukrayna Havayollarına ait Boeing 737 tipi yolcu uçağının düşmesi nedeniyle taziye mesajını gönderdi.
Daha fazla oku

Dılı bolmaýan Laldyr, emma Lalyň hem Dılı Bardyr

Ocak 10, 2020 - 2:17 AM
Dilsiz hiç zat ýokdur. Durmuş, ýaşaýyş diliň esasynda gurlandyr. Ylymy-da, medeniyeti-de, sungaty-da dilsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Dil bilen baglanyşygy, gatnaşygy bolmaýan ylym-da ýokdur. Galyberse-de, dilimiz bütin ylymlar bilen özara arabaglanyşykdadyr. Matematikaçylar özüniň dilini güýjini simwollardan, sifrlerden,
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *