Ronaldo: «Aktýor bolmak islegim bar»

Şu ýylyň 5-nji fewralynda 35 ýaşyny doldurjak portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldo futboly taşlandan soňra näme bilen meşgullanjakdygy barada aýtdy.

«Karýeramy tamamlap, ilkinji nobatda okuwymy dowam etdirmegi isleýärin. Ýöne ömrüm, geljegim bilen bagly käbir sowallara häzir hem jogap tapyp bilemok. Munuň iň gowy ýoly okamak, öwrenmek diýip pikir edýärin.

Uly niýetlerimiň ýene-de biri özümi aktýorlykda synap görmek. Belki geljekde käbir filmlerde keşpleri ýerine ýetirip bilerin ― diýip, «Ýuwentusyň» hüjümçisi «Football Italia» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Ronaldunyň «Ýuwentus» bilen şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanýar. Şol wagt ol 37 ýaşynda bolar. Ol Italiýanyň Seria A-synyň şu möwsüminde 14 duşuşyk geçirip, şolarda 10 gezek tapawutlandy.

Rastgele Haberler

Geçmişden geljege üstünligiň hekaýalary

Ocak 16, 2020 - 1:16 PM
Birnäçe motiwasion kitaplaryň awtory, bank işgäri Timuçin Fyndygyň üstünligiň hekaýalary baradaky kitabynda meşhur adamlaryň üstünliklerinden, meşhur liderlerden maslahatlar, gadymdan gelýän öwüt beriji tymsallar, bagtly ynsanlaryň bagtyň syry baradaky garaýyşlary beýan edilýär. Kitap okyjyda adamlara we
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *