Serdar Azmun Aziýanyň iň güýçlüleriniň hatarynda

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň «Zenit» toparynda futbol oýnaýan eýranly türkmen Serdar Azmun «FOX Sports Asia» neşiri tarapyndan «Aziýanyň iň gowy futbolçysy ― 2019» ses berlişiginde ady görkezilen 24 futbolçynyň hataryna girizildi. Ýakynda ol Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan yglan edilen ses berlişikde hem ilkinji üçlüge girmegi başarypdy.

Neşiriň geçirýän ses berlişigine diňe bir aziýaly futbolçylar däl, eýsem, Aziýa yklymynda futbol oýnaýan beýleki yklymlaryň wekilleri hem goşuldy. Has takygy, sanawdaky futbolçylaryň diňe 20-si aziýaly, galan dört futbolçy bolsa başga yklymlaryň wekilleri. Has takygy, sanawda Fransiýadan Befetimbi Gomisiň, Italiýadan Sebastian Jowinkonyň, Braziliýadan Paulinýonyň we Alžirden Bagdad Bunejonyň atlary hem bar.

«Titan Sports» we «FOX Sports Asia» neşirleriniň ses berlişigi 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Onuň geçen ýylky ýeňijisi koreýaly Son Hyn Mindir. Angliýanyň «Tottenheminiň» hüjümçisi 2018-nji ýylda 206 ses toplap (29,3 %), ýaponiýaly Makato Hasebeni («Antraht Frankfurt», 9,1 %) we Aliriza Beiranwandy («Persipolis», 7,1 %) yzda faldyrypdy.

Rastgele Haberler

ŞİÖ Genel Sekreteri’ne Türkmenistan’a davet

Ocak 11, 2020 - 11:52 AM
Türkmenistan’ın Çin nezdindeki Büyükelçisi Parahat Durdıyev, Şanghay İşbirliği Örgütü Genel Sekreteri Vladimir Norov ile bir araya geldi. ŞİÖ Basın merkezinden yapılan açıklamaya göre, Türkmen Büyükelçi ŞİÖ Genel Sekreteri Norov’a Türkmenistan Devlet Başkanı’nın Türkmenistan’ın Tarafsızlığı’nın 25.yıldönümü kutlamaları kapsamında düzenlenecek Uluslararası Konferans için davet mektubunu iletti.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *