Çöregi nähili bala öwrüp bolar? Mämmetjana öwrendi

Çagalaryň söýgüli gahrymany Mämmetjan bu gezek näme başyndan geçirdikä? Ol bu gezek çöregi nähili bala öwürmegi öwrenýär. Ýogsa-da bu mümkinmi?

Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşi tarapyndan taýýarlanan “Çöregiň tagamy” atly üç ölçegli multfilminiň ilkinji görkezilşi boldy we multfilme tomaşa eden çagalar uly gyzyklanma bilen Mämmetjandan çöregi nähili bala öwrüp bolýandygyny öwrendiler.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen hem-de ilkinji görkezilişi bolan “Çöregiň tagamy” atly üç ölçegli multfilmiň şowly bolmagynda şu aşakdaky kino we sungat ussatlarynyň bitiren hyzmatlary uludyr.

Filmiň redaktory: Sahysalyh Baýramow

Edebi esasyny ýazan: Batyr Hojanyýazow

Multfilmiň kinorežissýory: Röwşen Welmiýew

Goýujy suratkeşi: Serdar Durdyýew

Kinorežissýoryň kömekçisi: Mahym Atabaýewa

Multfilmiň suratkeşi: Dünýägözel Annaberdiýewa

                                      Begenç Annaberdiýew

                                      Röwşen Saparmämmdow

                                      Maksat Annaberdiýew

                                      Arslan Durdyýew

                                      Pirgeldi Annaýew

                                      Kakamyrat Annageldiýew

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *