Ýol yşykly aýlawly çatryklar

Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurdunda, esasan hem uly şäherlerde aýlawly çatryklar gurlup, ulanmaga berilýär. Bu çatryklar polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem-de ýolyşyklary bolmazdan, sürüjileriň biri-birine ýol bermek ýörelgesi esasynda ýol hereketiniň amala aşyrylmagy üçin döredilendir. Ilkibaşda aýlawly çatryklar sürüjileriň kellesini garyşdyrýan hem bolsa, soňlugy bilen ýol hereketiniň düzgünlerine düşünip başlamagy bilen ýeňil bolýan pursatlaryna hem duş gelinýär. Ýöne bu ugurda entek-enteklerem dünýäniň käbir ýurtlarynda käbir jedelli meseleler ýüze çykman duranok. Käte bu çatryklarda ýol hereketiniň düzgünleri bozulanda, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri kimiň günälidigini kesgitlemekde kynçylyk çekýän pursatlaryna duş gelinýär.

Aýlawly çatryk düşünjesi XX asyryň başlarynda Amerikada ýolyşyklarynyň ýa-da ýol belgileriniň ýok ýerinde ulanylypdyr. Aýlawly çatryklar ýol hereketiniň ýygylygyny azaltmak, mümkin boldugyndan has köp ýygylygy üpjün etmek we şeýle hem pyýadalaryň we welosipedli adamlaryň howpsuzlygyny üpjün  etmek üçin döredilipdir. 3 müňden gowrak aýlawly çatryga eýe bolan Amerikada häzirki wagtda hem sürüjileriň bu çatryklara uýgunlaşmagy kynçylyk döredip, köplenç komediýa äheňli çeper filmler üçin esas bolupdyr.

Aýlawly çatryklar Ýewropada ilkinji gezek 1901-nji ýylda Parižde gurlupdyr. Şondan soňra 1904-nji ýylda Nýu-Ýorkda peýda bolupdyr. Beýik Britaniýada 1909-njy ýylda döredilen aýlawly çatryklar pyýadalar üçin niýetlenipdir. Şeýle çatryklar 1960-njy ýyllaryň ortalarynda britan inženerleriň ulag akymyny kämilleşdirmek bilen giň gerimde ulanylyp başlanypdyr.

AÝLAWLY  ÇATRYKLARDA ÝOLYŞYKLARY ZERURMY?

Şeýle çatryklaryň kemçilik edýän taraplary hem bar. Olar tutýan meýdany. Adatça, aýlawly çatryklary gurmak üçin has uly meýdan gerek. Çatrygyň ortasyny ulaglaryň hereketi üçin ulanyp bolmaýar.

Aýlawly çatryklarda pyýadalaryň hem-de welosipedçileriň geçmegi kynçylyk döredýär. Sebäbi bu ýerde ýolyşyklary ýok. Şeýle ýagdaýda ýol hereketiniň bu toparyna degişli adamlaryň örän seresap bolmagy zerurdyr.

 Şeýle hem aýlawly çatryklarda wagt köp sarp edilýär. Ulaglaryň köp bolýan döwründe çatryga düşmek kynçylygy emele gelýär. Bu ýagdaý ulaglaryň dyknyşygyny emele getirýän esasy sebäp bolýar.

Bulardan başga-da şeýle çatryklarda tizligini ýokarlandyrýan agyr ýükli ulaglaryň agdarylmak howpunyň hem uly bolýandygyny görmek bolýar.

Gynansak-da, käbir ýurtlarda aýlawly çatryklar hiç hili netijeli ulanylmaýar. Köplenç bu çatryklarda ýol hereketiniň düzgün bozulmalary emele gelýär. Şol ýerde aljyraňlyga ýol berýän ýa-da soňradan gitjek ýerini üýtgedýän sürüjiler ýol hadysalarynyň döremegine sebäp bolýarlar.

Şonuň üçin aýlawly çatryklara ýolyşyklarynyň goýulmagynyň peýdasy uly bolsa gerek. Ýolyşyklary aýlawly çatryklarda her tarapdan gelýän ulaglaryň öz wagtynda geçmegine giň mümkinçilik bermek bilen, dürli heläkçilikli ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almaga şert döreder. Bu ýerde ýolyşyklarynyň bolmagy sürüjileriň wagtyny alýandygyna garamazdan, soňradan ökünmez ýaly köp sanly hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin esas bolup hyzmat edip biler. Şeýle hem ýolyşyklary çatryga girmek üçin köplenç sürüjileriň tizligini ýokarlandyrmak zerurlygynyň hem ýüze çykmazlygyna getirip bilýär. Umuman, ýolyşyklary aýlawly çatryklarda ýol hereketiniň düzgünleriniň has göwnejaý berjaý edilmeginiň möhüm şerti bolup biler.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *