"Men seni şeýle bir söýýärin welin"

Men seni şeýle bir söýýärin welin,
Ony nädip aýtjagymy bilemok.
Ugruňda örtenip köýýärin welin,
Sen menden birjigem habar alaňok.

Men seni şeýle bir söýýärin welin,
Öz-özümden heder edýän, çekinýän.
Käteler gabanyp, gyzmalyk bilen,
Göwnüňe degýänme diýseň ökünýän.

Men seni şeýle bir söýýärin welin,
Ony ýüregimde aýap gezýärin.
Umytlarmyň gönezligne eýlenip,
Gijeler sen hakda şygyr düzýärin.

Men seni şeýle bir söýýärin welin,
Gözlerimden gözleriňi isleýän.
Hyýallarym bilen galyp ikiçäk,
Kalbymda sen hakda arzuw besleýän.

Men seni şeýle bir söýýärin welin,
Hajaty ýokmuka ony ýaşyrmaň.
Eger şeýle bolsa ykballarymyz,
Aladasyn etsin bizi duşurmaň.

Jelilberdi Nurberdiýew

Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *