Dr. Berdi Saryýew

Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Sallançak we onuň şekil nusgalary hakynda

Eýsem, sallançagyň şekili nireden alyndyka? Türkmen eneleri geçmişde sallançagy şekil taýdan nämä meňzedip ýasadylarka? Dogrusy, biziň elimizde bu soraga kanagatlanarly jogap berip biljek anyk maglumatlarymyz ýok. Ýöne halk arasyndaky ýörgünli bolan gürrüňlerden, bu mesele babatda söhbetdeş bolan adamlarymyzyň aýdanlaryndan ugur alyp, sallançagyň şekiliniň nämä esaslanýandygy baradaky pikir boýunça anyk netijä gelmek mümkin däl.

Biri “sallançak täze dogan aýa meňzedilen” diýse, ýene biri “ene garnyna, ene gujagyna meňzedilen” diýýär. Biri “öýe meňzedilen” diýse, başga biri “horjuna, torba meňzedilen” diýýär. Başga biri “şekilini bilemok, ýöne welin sallançak täze doglan çagajyga edilen ýörite öýjagazdygyny-ha bilýän” diýýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýaşaýan matematika mugallymy Düwlen Gardyýewden eşiden maglumatlarymyzy esas aldyk we sallançagyň  şekili barada onuň aýdanlaryny ýerlikli hasapladyk. Ol hem türkmen sallançagynyň atyň arkasyna, bedewiň ýagrysyndaky çukurlyga meňzedilmegi baradaky garaýyşdyr. Tejribeli mugallymyň aýdyşyna görä, bu maglumaty oňa mamasy gürrüň beripdir. Onuň mamasy Bereket etrabynyň Uzyn-suw obasynyň iň garry mamasy hasaplanylýan eken. 110 ýaşap dünýäden öten Amansoltan ejäniň gürrüňine salgylansaň, sallançagyň şekili münülýän atyň ýagrynyndaky çukuryna meňzedilendigini ejesinden eşidipdir. Diňe gürrüňe esaslanylýan deliliň neneňsi derejede dogrudygyny anyklamak aňsat däl.

Biz sallançagyň şekili baradaky gözleglerimizi ýene dowam etdirdik we dilden gürrüňiň ahyrky netijesini gözleglerimiziň soňunda ele geçiren suratymyz bilen sapmaklygy ýerlikli hasapladyk. Şeýlelikde, türkmen sallançagynyň şekili baradaky garry mamanyň gürrüňi bilen soňky surat arasynda ylmy baglanyşyk gurduk. Muňa has anyk göz ýetirmek üçin “vk.com/ene” diýen elektronik çeşmeden alnan türkmen suratkeşiniň elinden çykan sungat eserini içgin derňew etmekligi ýerlikli hasapladyk.

Deňeşdirmäniň gysgajyk we anyk netijesini aşakdaky deliller boýunça düşündirmek bolar:

Birinji delil: Türkmen sallançagynyň şekili hakykatdanam “Tagt-y Süleýmandyr üsti bedewiň” diýlip baha berlen bedewiň arkasyndaky özboluşly çukurjyga çalymdaş bolandygy meňzedilýän ýa-da deňeşdirilýän iki obýektiň (çallançak we at arkasy) ýanaşyk ýagdakdaýda, biri-biriniň ýakynynda göreniňde has anyk ýüze çykýar.

Ikinji delil: Çaganyň sallançaklyk döwrüniň at münmeklige, atoglan bolmaklyga taýýarlyk döwrüdir diýen pikiri ýöretmeklige bizde esas bar. Biziň bu garaýşymyzy tejribeli suratkeş öz eserinde sallançakda ýatan çagajygyň eline gamçy tutdurmak bilen tassyklapdyr.

Üçünji delil: Halk arasyndaky gürrüňlere görä, garry eneler, mamalar sallançagy üwreýän döwründe ilki bilen “Haýt, çüw!  Haýt, çüw!” diýen sözleri ulanyp, soňra hüwdi aýtmaga başlapdyrlar. Bu bolsa hakykatdan hem türkmen sallançagynyň at bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýän nusgalaryň biridir.

Dördünji delil: Häzirki wagtda halkyň arasynda seýrek bolsa-da “at arkasy” diýen durnukly aňlatma ulanylýar. Unudylmaga başlan bu durnukly aňlatmanyň yzy köplenç gutlaglarda, ýagşy dileglerde duşýar. Munuň bir nusgasynda sözleýji diňleýjä “At arkasy gutly bolsun!” diýýär. Bu durnukly aňlatma täze maşyn, motosiklet, tigir ýaly münülýän zatlary alanlaryň eýelerine aýdylypdyr. Häzirki wagtda-da gepleşiklerde, halk arasynda bu durnukly aňlatma duş gelmek bolýar. Seýrek-de bolsa häzirki wagtda dilimizde ulanylýan bu aýtgy, belki gözbaşyny türkmeniň geljek nesliniň gadymdan  bäri dowam edip gelýän we geljekde-de dowam etjek “at arkasyndan” – sallançakdan alandyr.

Bu parça Dr. Berdi Saryýewiň  “Türkmenlerde sport sallançakdan başlanýar” atly eserinden bir bölek. Dowamy bar...

Tüm Yazılar

Sallançak we onuň şekil nusgalary hakynda

Kasım 28, 2019 - 9:16 PM
Eýsem, sallançagyň şekili nireden alyndyka? Türkmen eneleri geçmişde sallançagy şekil taýdan nämä meňzedip ýasadylarka? Dogrusy, biziň elimizde bu soraga kanagatlanarly jogap berip biljek anyk maglumatlarymyz ýok. Ýöne
Daha fazla oku

Türkmenlerde Sport Sallançakdan Başlanýar

Kasım 27, 2019 - 8:42 PM
Türkmenleri ýakyndan tanamaýan adamlar ýa-da türkmen durmuşyna näbeletler üçin ylmy çykyşymyzyň bu bölümine berlen at gaty geň bolup biler. Emma Türkmenistanda doglup, türkmenleriň arasynda ýaşap, olaryň milli däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna belet bolan daşary ýurtly adamlara ýa-da başga
Daha fazla oku

Rastgele Haberler

Türkmenistan, yeni Boeing satın alacak

Eylül 12, 2019 - 4:20 PM
Türkmenistan’ın sivil havacılık kurumu olan Türkmen Havayolları Ajansı, yeni Boeing 77-200LR marka uçak satın alacak. Konuyla ilgili bilgi Türkmen Havayolları Ajansı’nın resmi internet sitesinde yer aldı.
Daha fazla oku

Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin

Ocak 30, 2019 - 9:43 PM
1) Okamak maksady bilen daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary okaýan ýeriniň (ýurdunyň) Türkmenistandaky ilçihanasyndan talyp wizalaryny resmileşdirip, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar boýunça ýurdumyzyň Döwlet serhediniň migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen daşary ýurtlara gidýärler.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *