Kerimguly Geldiýew

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Hil menejmenti we müşderiniň gymmaty

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasynda “Türkmensitanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär” diýlip bellenilýär. Bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri bahalaryň erkin ýagdaýda döremegi, bazara giriş we çykyşlarda hiç hili päsgelçiligiň bolmazlygy, haryt we hyzmatlaryň homogen, standart bolmagyndan ybarat bolup durýar.

Önüm öndürijiler we sarp edijilieriň gatnaşýan kämil bazar nusgasynda ýokary hil bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmagyň esasy faktory bolup çykyş edýär. Her bir dolandyryş bilimleri hünärmeni bu barada düşünjelerini beýan edipdir. Senagat ykdysadyýetiniň ýaňy güýçlenip başlan wagty Genri Ford “Näme öndürsem sataryn” düşünjesi bilen hereket eden bolsa, maglumat eýýamy bolan 21-nji asyrda “Müşderi Patyşadyr (The customer is King)” düşünjesine öwrüldi. Hindistanyň Halkara Menejment Institutyndan Professor D.K. Batra “müşderi hem Patyşa hem-de Şazenandyr” diýip belleýär. Marketingde önüm öndürijileriň dä- de, eýsem sarp edijileriň isleg we talaplary esasy faktora öwrüldi. Şu ýagdaýda hiliň standartynyň müşderi isleglerine görä bellenilmegi, şeýle hem bu standartyň kepillendirilmegi girdeji gazanmagyň, bazar paýyny artdyrmagyň we goramagyň şertine öwrüldi.

Häzirki döwürde Ýokary hil strategiki artykmaçlyk bolmakdan bäsdeşlik talaplaryna öwrüldi. Hil ösüş maksatnamalarynyň amal edilmegi bu maksatnamalaryň gözegçiligini we hasabatlylygynyň ösüşini talap edýär. Menejerler hil çykdajylarynyň nämedigini we olaryň wagt içinde üýtgemegini bilmelidirler. Hasabat taýýarlamak we hil netijeliligini ölçemek hil kämillik meýilnamalarynyň üstünlik gazanmagy üçin hökmanydyr. Esasy şertleriň biri hasabat üçin hil çykdajylarynyň ölçelmegi bolup durýar. Ýöne hiliň amaly kesgitlemesi bu çykdajylary ölçemek üçin gereklidir. Hiliň alamatlaryny belleýän başga terminler hem menejment biliminde ulanylýar.

Estetika, maddy harytlaryň daşky görnüşi bilen birlikde hyzmat enjamlarynyň görnüşi bilen hem baglydyr. Ykjamlyk, harydyň bejerilmeginiň aňsatlygyny aňladýar. Dizaýn artykmaçlygy – harydyň aýratynlyklarynyň öz synpyndaky harytlardan artykmaçlyklaryny görkezýär. Ýokary hilli önümler dizaýn üçin şeýle hem önümçilik üçin hem ýokary çykdajy we satyş bahasy bardyr. Ynamlylyk bellenen wagt aralygynda hyzmat bermek ähtimallygyny aňladýar. Dowamlylyk önümiň funksiýasynyň wagtynyň uzaklygyny aňladýar. Laýyklyk önümiň öz spesifikasyny kanagatlandyrmagyny aňladýar. Ulanmaga laýyklyk, önümiň reklama edilen funksiýalaryna laýyklygy aňladýar. Kemçilikli haryt, talaplara laýyk gelmezligini aňladýar. Harydy yzyna çagyrmak ulanyşa laýyk bolmazlygyny aňladýar. Nol kemçilik, ähli önümleriň öz aýratynlyklaryna laýyk gelmegini aňladýar.

Hil çykdajylary iki subkategoriýa aýrylýar we Barlag hem-de Hilsizlik çykdajylary diýlip atlandyrylýarlar. Barlag çykdajylary hilsizligiň öňüni almak ýa – da aradan aýyrmak üçin edilýän çykdajylary aňladýar. Bular hem öz içinde öňüni alyş we ölçemek – hasaplamak çykdajylaryna aýrylýar. Hilsizlik bolsa eýýäm önümiň taýýar bolandan soň ýüze çykan ýagdaýy aňladýar. Müşderä ýetmegi, ýa-da ondan öň ýüze çykarylmagyna baglylykda içerki we daşarky hil çykdajylary diýip klassifikasiýa edilýär. Şu ýagdaýda hil çykdajylary 4 kategoriýa bölünýär:

  1. Öňüni alyş çykdajylary
  2. Ölçemek we gymmatlamak çykdajylary
  3. Içerki hilsizlik çykdajylary
  4. Daşarky hilsizlik çykdajylary

Öňüni alyş çykdajylary önümçilik döwründäki hil çykdajylaryny aňladýar. Hil inženerçiligi, hil okuw sapaklary, hil plany, hil hasabatlary, üpjün edijileriň işini häsiýetlendirmek we saýlamak, hil auditi, hil halkalary, ýerinde işi görmek, we dizaýn işleri we beýlekileri öz içine alýar. Bu çykdajylaryň artmagy soňky çykdajylaryň azalmagyny kepillendirýär.

Ölçemek çykdajylary haryt we hyzmatlaryň müşderi işleglerine ýa da buýurmalaryň talaplaryna laýyklygyny aňladýar. Materiallaryň inspeksiýasy, superwaýzoryň işi, önümiň we prosesiň analizi, ölçemek, enjamlaryň kalibrasiýasy hil ölçemek çykdajylaryna käbir mysallar bolup durýar.

Içerki hilsizlik çykdajylary ýüklemeden öň ýüze çykan hilsizlik çykdajylaryny aňladýar. Artyk galan , täzeden öndürmek, wagt ýitgisi, täzeden barlag, täzeden ölçemek we dizaýn üýtgemegi ýaly çykdajylar hilsizligiň haryt we hyzmatlar önümçilik binasyndan çykmanka ýüze çykarylan kemçilikleri aňladýar.

Daşarky hilsizlik çykdajylary hilsizligiň haryt we hyzmatlar müşderä ýetenden soň ýüze çykmagydyr. Yzyna çagyrmak, kepillik çäginde edilmeli hyzmatlar, müşderiniň kanagatlanmazlygy, bazar paýynyň ýitirilmegi we beýleki ýüze çykýan çykdajylar eýýäm has agyr ýagdaýyň, ýagny hilsizlik bilen müşderiniň ýüzbe ýüz bolmagyny aňladýar. Daşarky hilsizlik çykdajylary hem içerki hilsizlik çykdajylary ýaly, hil hili defekt ýok bolsa aradan aýrylýar. Hil çykdajylary görünýän we gizlin diýip iki topara bölünip bilýär. Gizlin hil çykdajylary pes hiliň netijesinde ýüze çykýar.

Gizlin hilsizlik çykdajylary daşarky çykdajylara degişlidir. Multiplikator modeli, bazar öwreniş modeli we Taguçi ýitgi modeli arkaly hasaplanyp bilner. k- ölçenen daşarky hilsizlik çykdajylary. Ölçenen çykdajy 2 million dollar bolsa, hakyky çykdajy 6 bilen 10 million dollar aralygynda bolýar. Bu çykdajylar artan ýagdaýynda öňüni alyş çykdajylary üçin maýa goýum serişdelerini goýbermek gereklidir. Bazar öwreniş modeli, hilsizligiň satyş we bazar paýyna täsirini öwrenýär. Taguçi ýitgi funksiýasy maksat edinilenden daşky ähli netiejelerde gizlin hil çykdajylarynyň döremegini aňladýar. Gizlin hil çykdajylarynyň kwadratik artmagyny şertlendirýär.

 

k _  proporsional hemişelik ululygy aňladýar. Daşarky hil çykdajysy boýunça

y _ hil alamatynyň hakyky gymmatyny görkezýär.

T _ hil alamatynyň garaşylýan gymmaty

L _ Hil ýitgisi

Bir gurama üçin hil çykdajylarynyň hasabat ulgamy hili ýokarlandyrmak we çykdajylary dolandyrmak üçin hökmandyr. Başlangyç ýagdaý bolsa bu ugurda hil çykdajylarynyň ýazylmagy bilen başlaýar. Hil çykdajylarynyň maliýe ölçegliligini üpjün edip biljek ýagdaýda klassifikasiýa edilmegi zerurdyr. Kategoriýalara görä bölmek menejerlere her bir kategoriýanyň degişlilikde ähmiýetini hasaplamaga ýardam berer. Çykdajylary barlamak bilen çykdajylaryň aradan aýrylmagynyň arasynda baglanyşyk bardyr. Barlag çykdajylarynyň artmagy hilsizligiň aradan aýrylmagyna şert döredýär. Barlag çykdajylary bilen hilsizlik çykdajylarynyň arasyndaky optimal balans kabul edilýän hil derejesini gazandyrýar. Bu bolsa bäsdeşlik artykmaçlygyny döredýär.

Importyň ornuny tutýan ýerli önümçilik höweslendirilýärn wagty “infant industry” ýagny, ösmeýän senagatyň ýüze çykmagy raýatlary hili pesräk harytlary sarp etmäge mejbur bolmagyny aňladýar. Bu ýagdaýa ýol bermezlik üçin telekeçiler çeýe müşderi menejmentini ýola goýmalydyrlar. Şu ýerde milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyndan bir mysal bermek isleýärin. Her bir sarp edijiniň satyn alyş sebedinde  aýakgabyň belli bir ýeri bardyr. Çagalar, erkek adamlar we zenanlar her biriniň öz sarp ediş aýratynlyklary bolýar. Sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň gündelik endige öwrülmegi bilen sport aýakgaplaryna bolan isleg görnetin ýokarlanýar.

“Röwşen” H.K. “her ädimiziň rahatlygy” şygary bilen milli markany döretdi. Häzirki wagtda täze önümleri öndürmek boýunça Italiýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny we “know-how”laryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli haryt we hyzmatlary ýerine ýetirmekde “Röwşen” H.K. ýurdumyzda döwrebap önümçilik we sanly marketing usullaryny ulanýar. Şahsy tejribede bu markanyň müşderi menejmenti boýunça häzirki wagtda alyp barýan işlerini kanagatlanmak bilen belleýärin. Müşderi esasly iş alyp barmakda we goşulan gymmaty ýokary hilli haryt we hyzmatlary kepillendirmekde olara geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýärin!

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *