Talyp gyzymyz altyn medal gazandy

Türkmen türgeni Saýara Awezmetowa jiu-jitsu görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa 40 dan gowrak ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň II ýyl talyby Saýara Awezmetowa bu ýaryşda 49 kg agram bilen çykyş etdi we  altyn medalyň eýesi boldy. Ýeňiş gazanan gyzymyz Türkmenistanyň söweş sungat federasiýasynyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi şeýle hem, Türkmenistanyň baş tälimçisi Döwletmyrat Kasymowdan tälim alyp, sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny içgin öwrenýär.

Saýara  2018-nji ýylyň iýul aýynyň 10-16 iýul aralygynda Gazagystan respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen 21 ýaşa çenli ýaş ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda Aziýa çempionatynda hem üstünlik çykyş edip, Aziýanyň çempiony bolmagy başarypdy. Saýara 2019-njy ýylda Gazagystan respublikasynyň paýtagty bolan, Nur-Soltan şäherinde geçirilen Ju-Jitsu Grand Priz Nur Sultan ýaryşda hem baş baýragyň eýesi boldy. Biz hem, Saýara indiki ýaryşlarynda üstünlikleriň ýar bolmagyn arzuw edýäris. 

Aýşirin ALYÝEWA

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersitetiniň talyby

Rastgele Haberler

Türkmenistan :Ticaret Alanındaki Büyüme Rakamları

Şubat 2, 2019 - 10:21 PM
• 2018 yılında Ticaret ve Dış Ekonomik İlişkiler Bakanlığı toplam ciro artışını yüzde 10,1 oranında arttı. • Devlet Mal ve Hammadde Borsası’nda 249 ticari işlem gerçekleştirilerek, 26 bin 347 sözleşme imzalandı. Borsanın geliri yüzde 23,4 oranında arttı.
Daha fazla oku

Çeferin ýene-de UEFA-nyň prezidenti

Şubat 10, 2019 - 1:01 AM
7-nji fewralda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde UEFA-nyň 43-nji maslahaty bolup geçdi. Onda seredilen meseleleriň biri hem Ýewropanyň ähli milli futbol federasiýasalaryny öz içine alýan halkara federasiýasynyň ýolbaşçysy baradaky
Daha fazla oku

Demirgazyk Irlandiýa plastik banknotlara geçýär

Şubat 26, 2019 - 9:40 PM
«Euronews»-iň habar bermegine görä, Demirgazyk Irlandiýanyň «Ulster» banky dik görnüşde taýýarlanan plastik banknotlary (puly) tanyşdydy. Bankyň hünärmenleriniň pikirine görä, plastik banknotlaryň ýasamasyny taýýarlamak juda kyndyr. Ikinjiden, ol kagyz pullara görä has çydamly. Demirgazyk Irlandiýada täze banknotlar 27-nji fewralda ulanylyp başlar.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *