Ýene-de Gün dogdy...

Dogup gelýän güni garşy almak üçin maňa ýene bir güni peşgeş beren Hudaýa müň şükür. Täze başlangyçlaryň, durmuş özgertmeleriniň başlanýan täze gününde arzuwlaryň hasyl bolmagyny,  maksatlaryň myrat tapmagyny Beýik Biribardan diläp, ýerden ýaňy galan Güni synlap durşuma ýyldyrym tizliginde aňyma bir pikir geldi...
Gün dogdy...
Her bir adamyň özüne has ýaşaýyş prinsipleri bolýar. Meniň hem şeýleräk düzgünim bardy. Bir kitaba, bir işe (uzak wagtlyk dowam etjek), durmuşymy  özgerdip biläýjek islendik meselä başlamagy ýa-da bir erbet häsiýetimi taşlamagy ýylyň, aýyň, käte bolsa hepdäniň 1-nji gününe goýardym. Köplenç, has ähmiýetli işlere 5-nji güni başlardym. “Täze ýyldan gündelik ýazyp başlajak, indiki aýdan sport zala gatnajak, 1-nji günden başlap az gürlejek...” şuňa meňzeş durmuş planlarymy başlamak üçin “aýratyn güne” garaşardym. Bir ýyly nähili garşy alsaň ýa-da şol ýylyň ilkinji gününi nähili başlasaň tutuş ýyl şeýle bolýar diýen düşünje meniň aňyma berk ornaşypdyr. Hut şol pikir hem täze aýyň  we hepdäniň  gowy bolmagy onuň ilkinji gününe bagly diýen düşünjäniň beýnimde kemala gelmegine sebäp boldy.
Ine, häzirki gelen pikir hem meniň şol durmuş ýörelgämi üýtgemegine getirdi. Näme üçin “Gün dogdy” diýýäris? Ata-babalarymyz näme üçin “Gün dogdy” diýdilerkä?  Belki, her güne misli çaga deý “täzeden doglup” başlamagymyz üçindir. Geçen günlerimizdäki şowsuzlyklardyr göwnedegişmeleri unudyp, Gün bilen biz hem täzeden doglup başlamaly diýen manyda “Gün dogdy” diýendirler. “Günüň dogşy” bilen “çaganyň dogluşyndaky” şeýle parallellik  meniň öňki ýörelgämi üýtgetdi. Indi, öňküler ýaly “ilkinji ýa-da aýratyn güne” garaşmazdan, her bir täze başlangyja pikiriň döräninden ony akyl eleginden eläp, düzgünleşdirip ertesi güni başlaýaryn. Internetde we beýleki birnäçe durmuş kitaplarynda “şu wagtdan, edil şu sekuntdan başlaň” diýen ýaly birnäçe pikirler hem bar diýmegiňiz mümkin. Ýöne durmuşyňy özgertjek işleriňi şu gün meýilleşdirip “täze gün” bilen täze planlara başlasak gowy bolar diýip pikir edýärin...
Size-de her säher Gün bilen bile doglup, göwünleriňiziň we günleriňiziň çaga kalby ýaly päkize, asuda, rahat bolmagyny arzuw edýärin!
...Dogup gelýän güni garşy almak üçin maňa ýene bir güni peşgeş beren Hudaýa müň şükür. Täze başlangyçlaryň, durmuş özgertmeleriniň başlanýan täze gününde arzuwlaryň hasyl bolmagyny,  maksatlaryň myrat tapmagyny Beýik Biribardan dileýän...
Ýene-de Gün dogdy...

Sähetmyrat SÄHEDOW

Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Rastgele Haberler

Türkmen Lider, Türk işadamları ve Japon Bakanı kabul etti

29, 2019 - 9:30 AM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, başta Çalık Holding Yönetim Kurulu Başkanı Ahmet Çalık, Rönesans Holding Yönetim Kurulu Başkanı Erman Ilıcak ve Nata Holding Yönetim Kurulu Başkanı Namık Tanık olmak üzere Japonya Ekonomi, Ticaret ve Sanayi Devlet Bakanı Yoshihiko Isozaki, Japonya’nın Kawasaki Heavy İndustries ve Sojits şirketlerinin yetkililerini kabul etti.
Daha fazla oku

Türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

Şubat 16, 2019 - 11:13 PM
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň
Daha fazla oku

789 milyon dolarlık yatırım ile dev projeler

Ocak 18, 2019 - 10:44 AM
Türkmenistan’da ülke ekonomisinin istikrarlı büyümesi ve sağlam temeller üzerinde durması için hazırlanan yatırım politikası kapsamında yabancı yatırımlar çekilmektedir. Ülkenin yatırım politikasının hayata geçirilmesinde Türkmenistan Dış Ekonomik İşler Bankası’na büyük görev düşmektedir. Bu banka Türkmenistan hükümetinin uluslararası sermaye pazarındaki resmi temsilcisi görevini yapmaktadır. Söz konusu banka aracılığıyla Türkmenistan ekonomisine yabancı kredilerin sağlanmaktadır. 2018 yılında da bu alanda bir dizi çalışmalar yapıldı.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *