Siz, söýginiň dilini bilýäňizmi?

Hawa, dogry düşündiňiz, söýginiň ýörite dili bar. Siz bu dili öwrenip maşgalyňyzy, özüňizi ýa-da söwer ýaryňyzy bagtly edip bilersiňiz. Maşgalanyň esasy sütüniniň söýgüdigini-hä bilýäris. Bir-birege söýgiňizi bildirmek we ony kabul etmek jübütleriň söýgi dilini näderejede bilşinden başlanýar diýsek ýalňyşmarys. Makalany ahyryna çenli okasaňyz, sizem munuň bilen doly ylalaşarsyňyz.

Bilermenler maşgalany ýa-da söýgi gatnaşyklaryny uzak wagt bagtly dolandyrmak üçin her kimiň söýgi dilini bilmelidigini belleýärler. Söýgi gatnaşyklary berk we jebis saklaýan güýçli, hatda iň esasy duýgularyň biri. Sosiologlaryň geçiren barlaglarynyň netijesi, maşgalasy bozulýanlaryň aglabasynyň öýde är-aýalyň biri tarapyndan söýgi duýmaýandygyndan nägilediklerini görkezdi. Muny öwrenen psihologlar edil söýmegiň möhüm bolşy ýaly, ony beýan etmegiň hem zerurdygyny nygtaýarlar. Olaryň aýdyşyna görä SÖÝGINIŇ DILLERI WE REŇKLERI BAR. Özem bu diller her kime görä üýtgäp, esasy zat bolsa, her kimiň ony bilmegi.

Beýleki duýgular ýaly söýginiň beýan edilişi, kabul edilişi adamyň hüý-häsiýetine, terbiýelenişine baglydyr. Aslynda, söýgi ynsanyň tebigatynda doglanda bar, emma onuň dili has soňra öwrenilýär we medeniýetlere görä üýtgeýär. Ynsanlaryň kalbyndaky söýgi dilleriniň tohumlary kiçijikkä ýüreklerine ekilýär, ýagny çagalara daş-töweregi, töweregiňdäkileri söýmegi öwredilýär.

Dünýäňizde täsin dünýä açýan duýgyny garşydaşyňyza “Seni söýýärin” jümlesi bilen ýetirmek, has dogrusy, şu sözi ýygy-ýygydan gaýtalamak islemeýäris. ABŞ-nyň maşgala ýagdaýlaryny öwrenýän uniwersitetiniň geçiren barlagy maşgalany bagtly ýöretmegiň 3 aýratynlygy, ýagny söýgiňizi beýan etmegiň esasy 3 dilini ýüze çykardy. Olaryň birinjisi bilelikde köpräk wagt geçirmek, beýlekisi mylaýym we sylag-hormatly sözleriň ýygy ulanylmagy, üçünjisi bolsa yhlasly hyzmat etmek bilen çemeleşmek. Hyzmat etmek diýlende, zenanyň adamsyna nahar-çaý taýynlamagy, egin-eşigine seretmegi, ýa zenan kesellän ýagdaýynda adamsynyň onuň bilen ýakyndan gyzyklanmagy mysal bolup biler. Netijede, ýüze çykarylan şu üç aýratynlyk söýginiň beýan edilýän dilidir. Bu diller köpelibem biler, adamlara görä üýtgäbem. Meselem, käbir ynsanlara sowgat bermek, işlerinde fiziki kömek etmek, ýürekdeş söhbet etmek, hatda hal-ahwalyny sorap aladalanýandygyňyzy görkezmek hem siziň “diliňiz” bolup biler.  Belki bir adamyň söýgi dilleriniň sany örän köp bolup, emma birnäçe kişi diňe käbirini peýdalanýandyr. Ene-atasy tarapyndan el aýasynda tutulyp, görnetin söýlen çaga, ýaşy ýetip maşgala bolanda-da şeýle söýülmek isleýär. Bu-da onuň size düşünjek söýgi dilidir.

Söýginiň maşgala barýan ýolunda jübütleriň biri-biriniň “dilini” bilmegi örän möhümdir. Meselem, jübütleriň birnäçesi pidakärligi söýginiň ýüze çykarylyşy hökmünde kabul etmeýär. Şekspiriň “Gamletinde” gahrymanlaryň biriniň “Ýanýoldaşym meni söýýärmi?” diýen soragyna “Seniň üçin eden pidakärligine seret” diýen jogap berilýär. Ýöne aglaba zenanlaryň ýa-da erkekleriň tebigy bir ýagdaý hasaplaýan pidakärlik etmegi hem söýgi dili bolup biler. Meselem, erkekler zenanlara sowgat alanda şol sowgadyň özüniň ýa başgalarynyň hem ulanyp biljekdigini göz öňüne tutup saýlamagy dogry däldir. Hatda şeýle sowgat söýgini bütinligi bilen beýan edip bilmez. Zenan bolsa örän isleýän, ýöne bahasyny gymmat görüp almaýan bir harytdan ýüz öwürmegi ýanýoldaşy üçin edip biljek ýönekeý pidakärligidir. Bu ýagdaýlar jübütleriň birek-birekden kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Taýýarlan Şirin Şirliýewa

Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Rastgele Haberler

Türkmenistan ile Rusya’nın petrolgaz işbirliği yeni ivme kazandı

Mayıs 29, 2019 - 10:05 PM
Türkmenistan ile Rusya’nın petrolgaz alanındaki işbirliği 2018 yılının güz dönemi itibariyle yeni bir ivme kazandı. İki dev enerji ülkesi arasındaki işbirliğinde somut adımlar atılmaya başladı. Ülkelerin enerji şirketleri ile devlet kurumları arasında söz konusu alanlarda yeni anlaşmalar sağlandı.
Daha fazla oku

BDT Kültür ve Eğitim Forumu Aşkabat’ta yapılacak

Mayıs 13, 2019 - 10:20 PM
Bağımsız Devletler Topluluğu başkanlığını yürüten Türkmenistan, 15-16 Mayıs tarihlerinde söz konusu örgüte üte ülkelerin sanat ve eğitim camialarının önde gelenlerini Aşkabat’ta buluşturacak. 15.BDT Kültür ve Eğitim Forumu’na Ermenistan, Azerbaycan, Belarus, Kazakistan, Kırgızistan, Moldova, Rusya, Tacikistan ve Özbekistan’dan 200’ün üzerinde delege katılacak.
Daha fazla oku

Birinci Hazar Ekonomik Forumu gerçekleştirildi

Ağustos 12, 2019 - 10:17 AM
Türkmenistan’ın ev sahipliğinde Avaza turizm bölgesindeki Kongre Merkezi’nde Birinci Hazar Ekonomik forumu gerçekleştirildi. Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov’un katılımıyla yapılan foruma, Rusya Başbakanı Dmitri Medvedev, Kazakistan Başbakanı Askar Mamin, Azerbaycan
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *