Türkmen aýdymçysy Çynara: Türkmenistanlydygyma buýsanýaryn

― Çynara, sözümiziň başynda www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň söhbetdeşlik üçin teklibini kabul edendigiňiz üçin size hoşallyk bildirýäris. Ýaş gyz hökmünde daşary ýurtlarda üstünlik gazanmak ýeňil bolmadyk bolsa gerek. Ilkinji sowalymyz, ýaşlykda daşary ýurtda üstünlige ýetmek nähili duýgy, munuň bir syry barmy? Özüňiz, aýdym-saz bilen baglaşygyňyz, kämillige sary uzaýan ýoluňyz barada maglumat beräýseňiz!

― men bu söhbetdeşligi uly höwes bilen kabul etdim. Söhbetdeşlige isleg bildirendiňiz üçin men size hoşallyk bildirýärin. Ähli zat hakynda gysgaça gürrüň bermäge çalşaýyn. Turuwbaşdan, şu aýtmak isleýärin: siz hem azda-kände habarly bolmagyňyz mümkin, men 3 ýaşymdan bäri aýdym-saz sungatynyň içinde. Aslynda, üstünligimiň üýtgeşik bir syry ýok, diňe maksadaokgunly we name isleýändigimi takyk bildim diýip bilerin. Şol bir wagtda ukyby bilim bilen kämilleşdirip, kemçilikleriňi düzedip bilersiň. Meni üstünlik gazanan adam hökmünde häsiýetlendirendiňiz üçin sag boluň! Elbetde, üstünlik gazanmak ― ajaýyp duýgy. Ýöne bu üstünligiň aňrysynda irginsiz zähmet, bilim we uzak ýyllar ýatyr. Ýene bir zady aýtmak isleýärin, bir maksat ugrunda ýola düşeniňizde, özüňize ynanyp, maksada okgunly hereket etseňiz, arzyly sepgide şonça çalt ýetersiňiz.                                      

― Siziň Baha bilen ýerine ýetiren aýdyşyňyz Türkiýede ýylyň aýdyşygy saýlanyldy. Ol millionlarça gezek tomaşa edildi. Bu aýdyşyk hakynda aýtjak zatlaryňyz?

― Hawa, Baha bilen bilelikde ýerine ýetiren «Ýazsyn» atly aýdyşygymyz Türkiýede gowy görüldi. Hatda ol ýylyň aýdyşygy hökmünde ýörite baýraga hem mynasyp boldy. Aýdymy diňlänler biziň sesimiziň sazlaşandygyny aýdýarlar. Baha Türkiýede örän gowy görülýän, ýyllaryň tejribesine eýe, ussat we örän ajaýyp sesli aýdymçy. Şol bir wagtyň özünde onuň adamkärçiligi diýseň ýokary. Ol aýdymy diňläp, bile ýerine ýetirmäge razy bolanda, diýseň begenipdim. «Ýazsyny», hut, Baha bilen bile ýerine ýetirendigim üçin özümi juda bagtly hasaplaýaryn. Beren goldawy üçin oňa-da çäksiz hoşallyk bildirýärin.   
― Häzire çenli näçe aýdymyňyz bar? Näçe albomyňyz çykdy?

― Özümi heniz bu ýoluň başlangyjynda hasaplaýaryn. Şonuň üçin bir aýdym-saz toplumym we 6 aýdymym bar.

― Aýdymlaryň sözi meselsinde kimler bilen işleşýärsiňiz?

― Häzire çenli her bir eser döredilende, tejribeli adamlar bilen işleşmäge çalyşýaryn. Olardan Eýup Çungaýy, Ilknur Tekini, Gökhan Parsy, Sezgi Erjiýasy we Filiz Erogluny mysal getirip bilerin.     

― Mundan soňky maksatlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz!
― Ýaradan nesip etse, işlemegi dowam ederin. Muşdaklaryma we meni goldaýanlara hoşallyk bildirýärin.

― Siz 14-nji fewralda, ýagny Söýgüliler gününde doglupsyňyz. Şol gün dogulmagyň üstünlikleriňize täsiri bar diýip düşünýärmisiňiz?
 ― 14-nji fewralda dogulmagyň üstünliklerime täsiriniň bardygyny ýa ýokdugyny bilemok. Ýöne meni şol gün dünýä getiren ejemiň täsirini we goldawyny her pursatda duýýaryn. Çünki zenanyň güýjüne ilkinji ejemde gabat geldim, men onuň muşdagy. Ejem meniň üçin ýeke-täk nusgalyk ynsan, ol meniň üçiniň mähriban adam, ony hemmeden, hemme zatdan güýçli söýýärin.                               

― Ejeňizden gürrüň açylanda, onuň «Türkmenistanyň ussat mugallymy» diýen hormatly adyň eýesidigini hem ýatlaýalyň! Siziň hem ejeňiziň mugallymçylyk kärini saýlap, Stambul uniwersitetiniň Edebiýat fakultetinde okaýandygyňyzy öwrendik. Bu hakda näme aýdarsyňyz?

― Hawa, Stambul uniwersitetiniň Edebiýat bölüminde okaýaryn. Sazy we edebiýaty örän gowy görýärin. Daşyndan seretseňiz, olaryň her haýsy aýry zat ýaly bolup görünse-de, ikisi hem sungat. Şonuň üçin bolaýmasa!                                  
― Aýdymlaryňyz haýsy dillerde? Türkmen dilinde aýdýan aýdymlaryňyz hem barmy?

― Adatça, türkmen, türk, iňlis, rus we azeri dillerinde aýdym aýdýaryn. Türkmen halk aýdymlaryny aýtmagy bolsa has gowy görýärin. Türkmenistandaky sungat mekdepleriniň birinde dutar hünäri boýunça okapdym. Halk aýdymlaryna bolan ýakynlygym şonuň üçin bolup biler.                                                   

― Siz ýakynda döredilen Türkmenistanlylaryň raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň düzümine girdiňiz. Jemgyýetde amala aşyrmak isleýän işleriňiz barada hem aýdaýsaňyz. Siziň ýaly Türkiýede üstünlik gazanan ildeşlerimiz jemgyýetiň işine nähili ýardam berip biler?
― Jemgyýetiň dolandyryş geňeşiniň bir wekili bolmak maňa çäksiz şatlyk bagyşlaýar. Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny artdyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirýärin. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardaky ildeşlerimizi hem ýatdan çykaranok, olary hem goldap durýar. Arkadagymyzyň ömri uzak, jany sag bolsun!

Men bu jemgyýetiň agzasy hökmünde Türkiýede ata Watanymyzyň ― Türkmenistanymyzyň adyny has arşa galdyrmak üçin elimden gelenini gaýgyrmaryn. Çünki özümiň türkmenistanlydygyma buýsanýaryn.            

― Muşdaklaryňyza, hususan-da, ýaşlara berjek maslahatlaryňyz!

― Muşdaklaryma goldawy üçin hoşallyk bildirýärin. Ýüregimde hersiniň aýratyn orny bar. Ýaşlara diýjegim: hemişe batyrgaý we maksada okgunly bolsunlar. Maksatlarynyň we ynançlarynyň yzyndan gitsinler. Diňe şonda üstünlige ýetip bolýar. Ýöne işe söýgi, höwes bilen ýapyşmak gerek. Başga hiç zat barada pikir etmeli däl. Diňe şonda bu işiň kalba bagyşlaýan ýakymyny, şatlygyny duýup bolýar.                                  

― Çynara, wagt tapyp, sowallarymyza jogap berendigiňiz üçin hoşallyk bildirýäris. Watanymyzyň at-abraýyny beýgeltmekdäki başlangyçlaryňyzda hem üstünlik arzuw edýäris.

― Meni myhman alandygyňyz üçin men hoşallyk bildirýärin. Ýene görüşýänçäk, sag boluň!  

Bellik: Türkiýede okaýan türkmen aýdymçysy Çynaranyň Baha bilen ýerine ýetiren aýdyşygyna şu salgyda tomaşa edip bilersiňiz: 

 https://youtu.be/VIiAN6u9NE8  

Söhbetdeşligi Türk dilinde okamak üçin

Türkmen Sanatçısı Çınara : Ülkem ile gurur duyuyorum

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDUzNA==

 

Rastgele Haberler

Вертолёт для полёта в атмосфере Марса

12, 2019 - 1:58 AM
Американские специалисты из Лаборатории реактивного движения в Пасадине представили беспилотный вертолёт, который способен летать в атмосфере Марса. На его борту не станут размещать научную аппаратуру так как он создан для того, чтобы доказать возможность полёта на красную планету.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *