Söýgi däneleri

– Gözleriňi ýum!

– Ýumdum.

– Näme görýärsiň?!

– Garaňkylyk.

– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?

– Seni.

– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!

* * *

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!

* * *

Sensiz bir gün  ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik.

* * *

– Meniň saňa bir sözüm bar.

– Aýt!

– Ýok, iki söz aýtjak.

– Aýdyber.

– Üçüsini aýtsamam bolarmy?!

– Hawa.

– Men seni söýýärin.

* * *

Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş.                                                                                                Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örteme...

* * *

Gülleriň Güne garap açylýandygy barada eşitdiňmi?! Ýüregimiň hem her gezek seni görende gül-gül açylýandygyna näme diýersiň?!

* * *

Söýginiň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Rastgele Haberler

Dergimizin Etkinlikleri Yerli Basında

Nisan 10, 2019 - 10:49 PM
Uluslararası Atavatan Türkmenistan Dergisi, Türkmenistan’da basın alanında faaliyet gösteren Uluslararası Türkmenistan Spor Dergisi ve Türkmen Sporu gazetesi ile ortaklaşa düzenlediklerini turnuvalar yerel basında da büyük ilgi gördü. Bu yöndeki haberler, ülkenin resmi gazeteleri Türkmenistan ve Rusça yayınlanan Neytralıy Türkmenistan (Tarafsız Türkmenistan) gazetesinde yer buldu. Ayrıca, bu
Daha fazla oku

TAPİ doğalgaz boru hattı: Pakistan ile görüşmeler

Temmuz 10, 2019 - 9:58 AM
Türkmenistan’ın öncülüğünde hayata geçirilmekte olan Türkmenistan-Afganistan-Pakistan-Hindistan (TAPİ) doğalgaz boru hattı projesi, uzun vadede Türkmen gazının Güney Asya ülkelerine ulaşmasını sağlayacak. Bu nedenle, bu proje katılımcı ülkeler tarafından büyük bir hassasiyet ile takip edilmektedir.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *