Hyýaly Hakykat

Birden meni gudrat guçup,
Äkitse şöhle deý myçyp.
Duşarmykam Ýer deý ýere,
Gezsem älem içre uçup.

Duşsam adamzada birden,
Gaçmazmyka aklym serden.
Gorap Ýeriň mertebesin,
Durup bilermikäm merdem.

Ýüzlense ol "gürrüň ber"diýp,
"Ýer diýýäniň niçik ýer?"diýp.
"Niçik janly jemendesi,
Nähil olar ýerbe-ýer?" diýp.

Tolgunaryn durup bilmen,
Belki dil hem urup bilmen.
Daşda galan Ýer durmuşyň,
Göz öňümde gurup bilmen.

Dürsäp ahyry özümi,      
Taparyn diýjek sözümi.
Ýetirerin waspyň seniň,
Berse Alla owazymy.

Bir gysym topragyň bolup,
Bir ýaşyl ýapragyň bolup.
Dil açaryn sen hakynda,
Seniň ýaz depregiň bolup.

Beýan eýlärin barçany,
Dag, suw, howa, ot, arçany.
Janly keşpde ýetirerin,
Pil, garynja, it, serçäni.

Birdenkä saklanyp dymsam,
Ne aglasam, ne-de gülsem.
Sende bolýan uruşlary,
Aýtmaklygy namys bilsem.

Allaň gudraty ýaradan,
Sen Ýer sahy hem owadan.
Ýaşalýar üstünde rahat,
Synlanyňda daş gyradan.

Emma ser aýlasaň ýerden,
Üstünde bar uruş her dem.
Ýitirip akyl-paýhasyn,
Öldürýär adamy adam.

Ýok,elbetde günä sende,
Uruşýar adam jemende.
Salyp seni paýlaşyga,
Döküp ýör gan adam bende.

Ýetişmänkäm edip beýan,
Pikrim oňa bolsa aýan.
"Bizde uruş düşünje yok,
Oň gürrüňem bize zyýan..."

Diýip ýeňletse ýagdaýym,
Bordy hakykata gaýym.
Uruşsyz hem Ýer bar eken,
Senem dyndarsyn, Hudaýym...

Baýram RAHMANOW

Balkan welaýaty, Magtymguly şäheri

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Rastgele Haberler

Ýaşajyk Useýin Bolt ýetişip gelýär

Şubat 18, 2019 - 11:21 PM
Ýeňil atletikanyň öňde-soňra görlen ussatlarynyň iň beýigi, dünýä rekordlarynyň ençemesiniň eýesi ýamaýkaly türgen Useýin Boltuň geçen ýyl karýerasyny tamamlandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr. Dünýäniň iň ýyndam adamynyň yzyny dowam kimiň dowam edip biljekdigi baradaky sowallara geçen hepde-de
Daha fazla oku

Türkmen metbugatynda – 20.03.2019

Mart 21, 2019 - 12:07 AM
«Türkmenistan» gazeti 1. Syýasy habarlar: «Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi», (TDH). «Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana sa¬pary tamamlandy», (TDH).
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *