Elde göterilýän terjimeçi

Baran gaýry döwletiňizde ulanylýan dili bilmeseňiz, ilkinji gözleýän kişiňiz terjimeçi bolar. Ýöne ýaponiýaly oýlap tapyjylar indi bizi bu dertden dyndyrdylar. Olaryň oýlap tapan «MUAMA Enence» atly enjamy adaty gepleşigi 40 dile terjime edip bilýär.

Daşary ýurtdaky dil meselelerini aradan aýyrjak enjam 40 dil bilen çäklenmez. Ol barha kämilleşdirilýär. «Bilýän» dilleriniň sanyny köpeldýär. Kim bilip dur, ýakynda türkmen dilini öwrense hem öwrünip biler.

«MUAMA Enence» «elde göterilýän terjimeçi» diýmekdir. Onuň esasy amatlylygyny ady hem aýdyp dur. Ol elde götermäge juda amatly. Ýanyňyzda göteriň we dünýäniň haýsy künjeginde bolsaňyz hem dil meselesinde hiç hili kynçylyk çekmäň. Siz bilýän diliňizde pikiriňizi erkin aýdyň, goý, galan işi «MUAMA Enence» etsin!

 

Rastgele Haberler

Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

Mayıs 14, 2019 - 10:15 PM
Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdiriji kabul edildi. Bu gözükdiriji Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy. Şeýle hem
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *