Galamym

Sözler zynjyr ýaly sepleşýär ýene,

Ak kagyza nagyş çeken galamym.

Dyňzap çykýan pikirlermi aýdaýyn,

Sen bolsa, kagyza çyrşa galamym.

                       

Aýdýan zatlarymyň bary çem gelen,

Emma goşgulamda dogry jemlenen,

Akgynsyz ýerine yhlas ýelmenen,

Yhlasyma goltgy bolduň galamym.

 

Ynjyly ýüregiň derdin ýazarys,

Kiçi meseläni ula ýa:zarys,

Gerek bolsa duýgularam gazarys,

Arkamdan diregin, doýgun galamym.

 

Ýürek joşgun bilen geldim kemala,

Ýüzümi sowardym sowuk şemala,

Seniň bilen bile gitdik kenara,

Geçmişe sowuklyk salma galamym.

 

Döwüldiň ençeme kagyz ýüzünde,

Çoýundyk durmuşyň ýakan közünde,

Ykbal meni ýazmagymdan üzende,

Şu gara reňkiňden solma galamym.

Aýperi Meredowa

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Rastgele Haberler

Täze opera ilkinji Prezidente bagyşlanar

30, 2019 - 7:56 AM
Gazagystanyň Nursultan şäherindäki opera teatry ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe bagyşlanan täze eseri sahnalaşdyrýar diýip, gazak metbugaty habar berýär. «Kuýaşy ýaradan ýol» atly täze operanyň awtory 20 ýaşly ýaş kompozitordyr. Eserde ýurduň
Daha fazla oku

Türkmenistan ile Enerji Şartı işbirliği geliştiriliyor

Ocak 23, 2019 - 7:13 PM
2017 yılında Enerji Şartı (Energy Charter) Konferansı’na başkanlık eden Türkmenistan ile Enerji Şartı arasındaki işbirliği giderek büyümektedir. Enerji Şartı Genel Sekreteri Urban Rusnak Aşkabat’ı ziyaret etti. Ziyaret kapsamında gerçekleştirilen önemli ve dostane toplantılar, enerji jeopolitik alanında mevcut değişimler ve gelecekteki işbirliğinin modernizasyonuna hazırlıklar ele alındı.
Daha fazla oku

Президент Гурбангулы Бердымухамедов посетил столичный гольф-клуб

Şubat 24, 2019 - 10:49 PM
Президент Гурбангулы Бердымухамедов вместе с соратниками посетил столичный гольф-клуб, где ознакомился с проводимой работой по популяризации данного вида спорта. Ранним утром глава государства прибыл к расположенному на юго-западе Ашхабада спортивному комплексу. Здесь главу государства встречали председатель Меджлиса, вице-
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *