Kakama Gowuşmadyk Hatlar

1

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok,

Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge.

Umydymy baýdak edip gezsemde,    

Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

 

Ýetilmedik menzillerde azaşyp,

Bir öýjagaz dikdim arşyň töründen.

Soňky günler üzüp ýerden aýagym,

Aýy ýassyk edip ýatyp ýörün men.

 

2

Kaka, pikrim ýaly perişan günleň,

Del duýgusy jepa berýär her deme.

On üçünji synasy deý süňňümiň,

Aladalar labyr atdy gerdene.

 

Gijelerne öz-özümden ýadyrgap,

Ýaka ýyrtyp gitsem diýýän bir ýere.

Ak şäherde efganyma çöl içre,

Hydyr duşsa ähli arzym diýere.

  

Gömülipdir görejimde gözýaşym,

Tukat didelerme bolmansoň lazym.

Ganat-perden jyda düşen guw ýaly,

Gam içinde gark bolupdyr yhlasym

 

3

Kaka, öwütlerňe ömrüm adaglap,

Düşmen, bagta barýan hyýal atymdan.

Ýöne,

Ejizlik her näçe aýybam bolsa,

Gorkýan, çemeçilleň hyýanatyndan.

 

Syrly gep-gürrüňler sabrym tükedip,

Ýekirlen ýüzlüler gözlände kemim,

Daşymda galkan deý goragym bolan:

Gyşda doglan dostlarymdan razy men

 

4

Kaka, juwanlykda düşündim magat,

Bagtly güne ýeter eken ýaş aýan.

Indi müň gün bäri ene şäherde,

Hasyl bolan arzuw bolup ýaşaýan.

 

Golaýlaşýar ýaşymyzyň arasy,

Düýnüm galdy alyslarda azaşyp.

Ömürhanaň bir ornuny boş goýup,

Uçaňdan soň durnalara garyşyp

Ýerde ýalňyzlygyň heýkeli ýaly,

Kirpi saç baglar deý dymyp galdym men.

Dutaryň kirşi dek inçejik ýolda,

Soňky gözýaş bolup damyp galdym men...

“Durmuşda her bir işde öz daňan

ýüpüňi özüň  çözmäni başarjak bol!”

Kakamyň öwütlerinden

 

Muhammet BEKGIÝEW

“Türkmenistan” gazeti.

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *