Ýüz keşbiňi robota sat we 125 müň dollar gazan!

Robot tehnikasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň biri hut şeýle teklip bilen ýüz tutýar. Täze öndüriljek robotlar üçin ýüz keşbi saýlanylyp alynjak adama kompaniýa 125 müň dollar möçberinde bir gezeklik hak tölemäge taýýar. Bu teklibiň mahabaty Geomik platformasynda peýda boldy diýip kyky.org ýazýar.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, robota ýüz keşbini bermäge bir adam gerek. Hünärmenleriň talaplaryna laýyk gelýän ýüz saýlanyp alnandan soň müňlerçe robot hut şol şekilde taýýarlanar.
«Biz munuň hemişe bildirilip ýörlen isleg däldigini bilýäris. Şonuň üçin bu önümçiligiň ygtyýarnamasyny kime berjekdigimiz juda jogapkärli karar. Şonuň üçin biz gerekli adamy tapmak üçin bildiriş bermegi makul bildik. Dizaýnerler munuň juda uly işdigini aýdýarlar. Ýüz keşbi saýlanyp alnan adam uly mukdardaky haka hem mynasyp» diýlip, salgylanylýan habarda aýdylýar.

Ýüz keşbi şu ýylyň ahyryna çenli saýlanyp alnar. Geljek ýylyň başyndan başlap bolsa kompaniýa önümçilige geçer. Robotlar bilen şol bir ýüz keşbini paýlaşyp, üstesine-de uly mukdarda baýrak almak isleýänler suratyny we maglumatlaryny face@geomiq.com salgysyna ugradaýmaly.

Rastgele Haberler

Tomaşa merkezlerinde şu hepde

Şubat 8, 2019 - 9:33 PM
Hormatly ildeşler! Şu hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän tomaşa merkezlerinde görkeziljek çykyşlary size ýetirýäris.
Daha fazla oku

Türkmenistan’da özel gaz beton üretim tesisi kuruldu

Nisan 12, 2019 - 9:41 AM
Türkmenistan’da yerli yapı malzemelerin üretimi için önemli bir yatırıma imza atıldı. Ahal vilayetinin Baherden ilçesinde dünya pazarında talep gören yanmaz bir yapı malzemesi olan gaz beton üretimi için özel bir fabrika kompleksi kuruldu. Türkmenistan Sanayiciler ve Girişimciler Birliği’ne üye Ukyply Kärdeşler özel işletmesinin inşa ettiği fabrikada yerli hammadde kullanılması bu tesisin avantajlı tarafıdır.
Daha fazla oku

Malaýziýada uçýan taksiler işläp başlar

Mart 7, 2019 - 2:00 PM
Malaýziýa ýakynda uçýan awtoulagyň önümçiligine girişer. Ýöne ýurduň hususyýetçilik we galkynma ministri Rydwan Ýusufyň aýtmagyna görä, bu önümçilik dünýä döwletleri tarapyndan käbir garşylyklaýyn pikirlere hem sebäp boldy. Şol
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *