Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne,

Aklym haýran gitdi, huşum birýana,

Janym gurban geljegine, ezelne,

Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

 

Ýeser kaddy jedel gurmuş hüýr bilen,

Gymmatyna ýetip bolmaz zer bilen,

Ylalaşman geçdi ýürek ser bilen,

Içim birýan gitdi, daşym birýana.

 

Yşk derýa deý kalp deňzine dolup men,

Bilmen dilberimiň köňlün alyp men,

Ýalňyzlykda diwanaýam galyp men,

Göwräm birýan gitdi, başym birýana.

 

Çekilen ezýetler jandan gitmedi,

Arzuwlardan hergiz möhmüm bitmedi,

Iýen duzum bokurdakdan ötmedi,

Nanym birýan gitdi, aşym birýana.

 

Salmasyn aşygna mekirlik alyn,

Meger ylham şondan tapmyş kemalyn,

Görenimde ah näzliniň jemalyn,

Gözüm birýan gitdi, gaşym birýana.

 

Elden bermän ajaýyplyk pursadyn,

Hergiz huzurunda waspyn gursadym,

Gürsüldeýip ýarylsam diýr gursagym,

Demim birýan gitdi, döşüm birýana.

 

Bogazma çümdürip sungat gylçygyn,

Tebigat oň gaçyrmasyn gelşigin,

Undupdyryn pasyllaryň çalşygyn,

Ýazym birýan gitdi, gyşym birýana.

 

Tutdugym pygandyr, çekdigim arman,

Ýalňyzlykda şol galyşym özgermän,

Dilnebaryň öwgüsine döz gelmän,

Sözüm birýan gitdi, joşum birýana.

 

Näler dostlar beýan etsem arzymny,

Perizadym meni görüp ardyndy,

Muhabbetin synlap açdym agzymny,

Dilim birýan gitdi, dişim birýana.

 

Hyjuw gözüm gapdy sowuldym ýoldan,

Meger yşk halas däl bimatlap aldan,

Tarypyn agtaryp gaçdym mejaldan,

Kuwwat birýan gitdi, işim birýana.

 

Ýarym, ukybymy belentle-pesle,

Kylan mekirligiň bary hebesle,

Meňzäp barýan barha ýaşuly nesle,

Deňim birýan gitdi, duşum birýana.

 

Eý jeren peýkamyň uraryn çenläp,

Çünki yhlasymy oturma kemläp,

Wah ýöne sanlarmy bilmedim jemläp,

Onum birýan gitdi, bäşim birýana.

 

Zerre yşgyň uly gama bermerin,

Özüňden daşlaşyp derde barmaryn,

Ahyrynda sowuryldy harmanym,

Harpyk birýan gitdi, çäşim birýana.

 

Unutmagyn aşyklygyň däbini,

Aldym telbeligiň aby-tabyny,

Aralykda ýitirdim men awumy,

Tazym birýan gitdi, guşum birýana.

 

Hurujyň wepaga bekäni ýokdur,

Talaň düşen aklyň dükany ýokdur,

Sergezdan köňlümiň mekany ýokdur,

Süňkim birýan gitdi, läşim birýana.

 

Aşyr aýdar istär tirmek gülünden,

Nebor şirin sözler eştsem diliňden,

Men diýmedim çarhy pelek elinden,

Ömrüm birýan gitdi ýaşym birýana.

Aşyr Gurbangeldiýew

Balkan welaýatynyň Serdar şäheri

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *