8 ýaşly balykçy rekord goýdy

Awstraliýanyň paýtagty Sidneýiň ýakynynda Jeýden Millauro atly 8 ýaşly balykçy oglanjyk 314 kilogramlyk akulany çeňňegine ildirdi diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Oglanjyk kakasy we gaýygyň kapitany bilen Sidneýiň ýakasynda balyk awlap ýörkä, örän uly ýolbars akulany tutmagy başardy. Olar kenara gaýdyp gelensoň, tutulan nägehanyň rekord agramlyga eýedigi kesgitlenildi. Aýdylyşyna görä, Jeýden Millauro 2 ýaşyndan bäri balyk tutmaga gatnaşýar. 
Ozalky rekord Ýan Hisseý atly balykça degişlidi. Ol 1997-nji ýylda 312 kilogramlyk ýolbars akulany awlady. Täze rekord balykçylygyň rekordlaryny hasaba alýan halkara gurama tarapyndan bellige alyndy.

Ýolbars akulalar ynsan üçin juda howpludyr. Olar 4,25 metre çenli ösüp, agramyny 635 kilograma çenli ýetirip bilýärler. Ginnesiň rekordlar kitabyna uzynlygy 5,5 metre, agramy bolsa ýarym tonna ýetýän akula girizilipdir.

Rastgele Haberler

Geografyň gutlagy

Ekim 25, 2019 - 1:50 PM
Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!
Daha fazla oku

İhaleler: Yeni AVM İçin İhale

Ocak 12, 2019 - 2:27 PM
Türkmenistan’da 2019 yılının ikinci haftasında da bir dizi önemli ihaleler açıldı. Aşkabat’ta AVM ve Dinlenme Merkezi’nin inşa edilmesi öngörülmektedir. Bunun yanı sıra bu sene hizmete açılacak doğalgazdan benzin üreten tesisin yönetimi, ekipman alımı, kostik soda alımı, rafineri bünyesinde yeni ünitenin inşası, borular, paletler, atık kutuları, et ürünleri kutuları, plastik ve polipropilen meyve ve sebze kutuları üretimi tesisinin inşa edilmesi gibi ihaleler yer aldı.
Daha fazla oku

Sözden peýda ýok

Ekim 24, 2019 - 4:43 PM
Bilinmese çyn yhlasyň gadyry Ýaňrap oturmaga sözden peýda ýok Datsyz bolsa wah nygmatyň hödüri Iýdigiň nahardan duzdan peýda ýok
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *