Sagdyn Düşünje

Wagtlar käte şeýlebir çalt, käte bolsa, pyşbaganyň tizligindenem haýal geçýär. Häzir arkaňa dönüp bakanyňda, ençeme sökülmiş menziller, ajy doly, süýji doly günler ýatyr. Bu ýatan ýyllaryň, geçirlen tejribeleriň netijesinde käbir zatlara göz ýetirdim. Adamyň öňünde elmydama bir iş etmesinden saklan, gorky diýip bir zat durýar. Adam ömrüniň köp bölegini, gorkyny ýeňip geçmek üçin sarp edýär. Bir işler etmek isleýär, başaryp bilmerin diýen gorky bilen etmeýär. Bir zatlar aýtmak isleýär, ýalňyş düşünerler diýen gorky bilen aýtmaýar, göreşmek isleýär, ýykylaryn diýen gorky bilen göreşmeýär. Ýaşamak isleýär, emma ýaşatmazlar diýen gorky bilen öli  ýaşaýar. Iň gorkunjy bu: Ýaşaýandyrn öýdüp ýaşamazlyk.

Eflatunyň bir sözi bar:

Ölmejek ýaly ýaşarlar,

Ýaşamadyk ýaly ölerler.

 Bu zatlaryň düýp sebäbi, çagany kiçilikden ýetişdirilende, ýalňyş tertipde ýetişdirmekdir. Maşgalalaryň köpüsinde, çaga ýalňyş bir iş eden ýagdaýynda, çaga ol işiň ýalňyşdygyny düşündirmek, öwretmek ýerine gönüden-göni jeza ulanýarlar. Bu dürli maşgalalarda ýetişen çagalar ýygra, we jemgyýetden daşda ýaşaýarlar. Biz iň gowy iş adamlaryny, mugallym, inžiner, doktor yetişdirmek üçin, ilki bilen ene-atalara dogry bolan çaga terbiýeleme tertiplerini öwretmeli. Ýetişýän nesilleriň diňe bir sagdyn bedenli bolmalary ýeterli däl, sagdyn düşünjeli bolmalary hem hökman.

Başkada bir bellemeli zat:

Başkalardan üytgeşik bolmak üçin gynamaň özüňizi, sebäbi hemme buny etýär, we hemmesi onuň üçin bir birlerine menzeş,

SEN DİŇE ÖZÜŇ BOL...

Kakajan Alyýew

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Rastgele Haberler

Zylyha Kakaýewa :Mahmal owazyň eýesi

Ağustos 11, 2019 - 8:33 PM
Döredijilik özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Muňa döredijilige ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň döredýän eserlerinde häsiýetleriniň şöhlelenmegi şaýatlyk edýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine, mahmal owazly aýdymçy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň
Daha fazla oku

Çagyl sahasında dev demir rezervi bulundu

Nisan 6, 2019 - 3:28 PM
Dün gerçekleşen Bakanlar Kurulu toplantısında Türkmenistan Sanayi ve haberleşme sektöründen sorumlu Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı Mammethan Çakıyev, madencilik ve metalürji sektöründeki çalışmalar hakkında bilgi verdi.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *