Kerimguly Geldiýew

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Sebitleýin ösüşde täze başlangyçlar rowaçlanýar

Türkmenistan durmuş - ykdysady özgertmeleriň milli modelini durmuşa ornaşdyrýar. Özgertmeler syýasaty oýlanyşykly işlenip düzülen döwlet we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde hakyky miwelerini berýär. Ýurdumyzy ösen döwlete öwürmek ugrunda tutumly işler rowaçlyklara beslenýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025 – nji ýyllarda durmuş – ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler eýýäm öz oňyn netijelerini berýär. Şu ýylyň 7 aýynyň jemine görä JIÖ ösüş depgini 6.3% amal edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş gazanylmagy ýurdumyzy täze sepgitlere höweslendirýär. Iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak ugrunda täze çemeleşmeler iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Daşary söwdanyň oňyn derejesini gazanmak üçin maksatnamalaýyn işler amal edilýär.

Bu uly göwrümli maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda sebitleýin ösüş üçin hem ägirt uly maýa goçum taslamalary özleşdirilýär. 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, edaralara, kärhanalara we guramalara “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde” binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Iki tapgyrda alnyp baryljak we ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanjak şäher gurluşygy üçin 1000 gektardan gowrak ýer bölegi we 15 milliard manada golaý serişde goýberiler. 10000-den gowrak adama iş orunlarynyň döremegi hem möhüm ykdysady görkeziji hökmünde ünsi çekýär.

Taslamalaryň gurluşygyny ýerli kompaniýalaryň ýerine ýetirmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Klaster çemeleşmesi esasynda ähli edara binalarynyň bir ýerde jemlenmegi adamlara netijeli hyzmat etmegiň elýeterli usulyny döreder. Täze şäher döretmek üçin ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly ähli desgalaryň göz öňünde tutulmagy hem bu taslamanyň aýratynlygydyr. Tarp ýerden gurluşyga başlanmagy bolsa dekonstruksiýa, ýagny, köne binalary we desgalary aýyrmak çykdajylaryny aradan aýyrýar. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde bu ýerde guruljak ýaşaýyş jaýlary “Akylly öý” çemeleşmesi esasynda bina ediler. Bu çemeleşme uzak ýyllaryň dowamynda serişdeleriň aýawly we tygşytly ulanylmagyna we durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirer.

Bu döwrebap taslamanyň gysga taryhy barada hem maglumat bermek ýerkili bolar. Bu täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasy Hormatly Perzidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen giň halk köpçüliginiň tekliplerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 31-ne Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, şeýle hem Ahal welaýatyndan saýlanan deputatlaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda öňe sürlen başlangyçlaryň üstünde işlenilip, Baş meýilnama taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak maksady bilen, Karara gol çekdi. 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde bolsa, Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen bu şäheriň düýbüni tutmak dabarasy uly şowhuna beslenip geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň, Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatyň ýolbaşçy düzüminiň, talyplaryň we köp sanly adamlaryň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň bu ynsanperwer başlangyjyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Ykdysady taýdan seredenimizde, Welaýatyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda Ahal welaýatynyň mümkinçilikleri örän ýokarydyr. Oba hojalyk önümleri üçin ekin ýerleri netijeli peýdalanylýar we döwlet borçnamalary üstünlikli amal edilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherine örän ýakyn ýerde, Akbugdaý etrabynyň çäginde senagat zolagynyň döredilmegi strategik ähmiýete eýe bolup durýar. Welaýatyň Bäherden etrabyndan Babadaýhan etrabyna çenli sebitiň ähli çäginde maýa goýum taslamalary netijesinde senagat merkezleri döredilýär. Bäherdende döwrebap haly önümçilik kärhanasynyň, Babadaýhan we Kaka etraplarynda bolsa dokma toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi. Maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bir tarapdan içerki bazarlarda haryt bolçulygyny we azyk howpsuzlygyny berkarar etse, beýleki bir tarapdan, güneşli ýurdumyzda öndürilen tagamly we organiki azyk harytlary dünýä ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmaga hem şertler üpjün edilýär. Geljekde goşulan gymmaty ýokary haryt we hyzmatlary öndürýän täze önümçilik desgalarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi ilkinji nobatda sebitde ykdysady taýdan ýokary netijeleriň gazanylmagyna, ahyrky ýagdaýda bolsa ýurdumyzyň ykdysady deňagramlylygynyň gazanylmagyna mynasyp goşant bolar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy pudagyň orny barha ýokarlanýar. Ýokarda agzalan önümçilikleriň agramly böleginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişlidigi bellärliklidir.

Durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir” taglymatynyň iş ýüzünde amal edilmegine we Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde adam ösüş indeksiniň ýokary derejesiniň gazanmagyna şert döredýär. “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýyllyk býujetiň çykdajylar böleginiň 77% durmuş maksatly ugurlara goýberilmegi meýilleşdirilen. Bu görkeziji ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga şert döredýär. Welaýatyň çäginde täze obalar, şäherçeler gurlup ulanmaga berilýär. Täze eýýam, Bereketli zaman obalary gurlup ulanmaga berlen bolsa, Köpetdag, Owadandepe, Öňaldy, Gowşut geňeşliklerinde täze döwrebap obalaryň gurluşygyna badalga berildi. Şu okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arman şäherçesinde we Gökdepe şäherinde täze mekdepler ulanmaga berildi. “Prezident Maksatnamasynyň” çäklerinde welaýatda onlarça mekdep we çagalar baglary we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Olara diňe täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Baş Meýilnamasyndan mysal bersek, 10 sany çagalar bagy, 12 sany orta mekdep, 2 sany sungat mekdebi, 2 sany saglyk öýi, sport merkezi, sirk binasy, söwda dynç – alyş merkezi, halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi we türgenleşik merkezi we 420 sany ýaşaýyş jaýy gurlar.

Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, maglumat eýýamynda, dördünji senagat rewolýusiýasy şertlerinde tehnologik täzelikleri önümçilige ornaşdyrmazdan bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak mümkin däldir. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, täze döwrebap merkeziň gurluşygynda maglumat tehnologiýalarynyň gazananlaryny giňden ulanmak arkaly akylly öý ulgamy esasynda binalar gurlar. Binalaryň seýsmiki durnuklylygyny seljermekden, ahyrky sarp ediş üçin gündelik ulanylýan elektron enjamlarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýokary iş netijeliligini gazanmagyň, rahat we ygtybarly ýaşaýşyň şertidir. Bu çemeleşme döwür bilen aýakdaş gitmegiň, “Türkmenistanda 2019- 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”nda göz öňünde tutulan wezipeleriň hem amal edilmeginiň aýrylmaz esaslarynyň biri bolup çykyş edýär.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin saýlanyp alnan ýeriň özi hem ekologik taýdan örän arassa bolup, hoştab dag howasyny we şypaly çeşme suwyny özünde jemleýär. Bu aýratynlyklar bu ýerde guruljak täze şäheriň durmuş standartyny tebigy ýagdaýda ýokarlandyrýar. Mundan başga – da, bu ýeriň ýedi ýoluň çatrygynda ýerleşmegi adamlara ýolagçy hyzmatlarynyň we söwda mümkinçilikleriniň ýokary bolmagyny alamatlandyrar. Bu merkeziň paýtagtymyz Aşgabat şäherine ýakyn ýerde ýerleşmegi, ulag ýollarynyň köp ugurly şahalarynyň gurulmagy hem bellärliklidir. Bu merkez Gökdere çagalar dynç alyş merkezlerine, Halkara ahalteke atçylyk toplumyna ýakyn ýerleşmek bilen, tebigatyň gaýtalanmajak gözellikleri bilen özara arabaglanyşykda bolar. Elbetde, arassa howa we arassa agyz suwy adam saglygynyň we ömür dowamlylygynyň ikinji talaplarydyr.   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşanda ata Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek barada öz gymmatly maslahatlary bilen ýüzlenýär. 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşykda agzalyp geçilenlere salgylanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýyl üçin kanunçykaryjylyk iş meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işini sazlaşykly we ylalaşykly alnyp barylmagy netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän döwrebap kanunlar işlenip taýýarlanylýar we kabul edilýär. 2019-njy ýylda “Ekologiýa auditi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Rasionalizatorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Milli Liderimiz saýlaw okruglary boýunça ýerine ýetirilmeli maksatnamalaýyn wezipeleri amal etmek, ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen utgaşykly işlemek arkaly raýatlara edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesini gazanmak barada nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz “Ilatyň hukuk medeniýetini we sowatlylygyny ýokarlandyrmak Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr” – diýip, belläp geçýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul edýän kanunlarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça işleri giň gerimli we netijeli aşyrmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini wagyz etmek boýunça mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar we öz oňyn netijesini berýär.

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy we onuň komissiýalary we komitetleri bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde hem ýurdumyz türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça täze başlangyçlary öňe sürer. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň daşary syýasat ugrunyň rowaçlanmagyny alamatlandyrjak bu başlangyçlaryň giň goldawa eýe boljakdygy ikuçsyzdyr. Sebäbi, Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasaty umumadamzat gymmatlyklaryny öz içine alýar, dünýä ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň we howpsuzlygyň höküm sürmegini esasy ýörelge edinýär.

Hormatly Prezidentimizi, halkymyzy ýetip gelen şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2-nji mejlisiniň şowly geçmegini arzuw edýärin! Hormatly Prezidetntimiziň ak patasy bilen gurluşygyna başlanan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy mübärek bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasaty rowaç bolsun!

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *