Seda Gengoru : Türkmenistanda işleýändigimiz üçin buýsanýarys

Hormatly okyjylar, bilşiňiz ýaly häzirki wagtda ýurdumyzyň ýene bir taryha altyn harplar bilen ýazyljak wakalarynyň biri ýagny, Hazar ykdysady forum 2019 ajaýyp sergisi bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem daşary ýurt myhmanlarymyzyňam ünsüni çekýar. Biz bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýty üçin sergiden bir pursat taýýarladyk.

-Men “Cotam Enterprises Ltd” şereketiniň Prezidentiniň orunbasary Seda Gengoru. Biz Türkmenistan bilen 1993-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistanda şypahana, maldarçylyk, saglygy goraýyş (elektron saglyk ulgamy) ýaly ugurlarda iş alyp bardyk. Häzirki wagtda hem sanly ulgamda işler alyp barmagy dowam edýäris.

Mundan başga-da, ýene Kaka we Babadaýhan etraplarynda iki sany taslamamyzy alyp barýarys. Birinji Hazar ykdysady forumyň örän uly gymmaty bar. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň bular ýaly uly wakany Türkmenbaşy şäherinde geçirmegi türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygyna açykdygynyň ýene-de bir subutunamasy boldy.

Biz hem bu foruma gatnaşýandygymyz üçin begenýäris we buýsanýarys. Hormatly Liderimiziň bize bolan ynamy üçin örän minnetdardyrys. Bu ykdysady forumyň üsti bilen türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da uly ösüşlere eýe bolmagyny arzuw edýärin. Beýleki döwletlerden tapawutlylykda, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi bilen Türkmenistan gysga wagtyň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Görşüňiz ýaly, bugünki günde bu sergä Ýewropa döwletlerinden we Merkezi Aziýa döwletlerinden myhmanlar uly gyzyklanma bilen gatnaşýarlar. Biz hem Türkmenistanda işleýändigimiz üçin buýsanýarys we dowamly ajaýyp işleri durmuşa geçirmegi öňümizde maksat edinýäris. Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny we Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýarys.

Rastgele Haberler

Найден дорический ордер Посейдонии

19, 2019 - 4:44 AM
В Италии сотрудники археологического парка "Пестум" при очистке западной стены древней колонии обнаружили остатки архитектурных элементов, так называемого дорического ордера.
Daha fazla oku

Dünya Sambo Şampiyonası Aşkabat’ta

Mart 29, 2019 - 10:49 PM
Spor alanında önemli Merkez olmaya başlayan Türkmenistan’da bir dünya şampiyonası daha yapılacak. Aşkabat bir Dünya Şampiyonasına daha ev sahipliği yapacak. 2020 yılında yapılacak bu Dünya
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *